Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün möhüm meseleleri çözmek we çynlakaý işler bilen meşgullanmak üçin amatly gün däl. Ilki bilen, ünsüňizi jemlemek kyn bolar, şonuň üçin ownuk, ýöne ýakymsyz ýalňyşlyklary goýbermek ähtimallygyňyz ýokarydyr. Şeýle hem haýsy işiň has möhüm, haýsysynyň ikinji derejelidigini kesgitlemek aňsat bolmaz.
Mundan başga-da, dürli adamlar bilen iş salyşmaly bolarsyňyz we olaryň hemmesi size garşy hoşniýetli ýa-da dogruçyl bolmaz. Käbirleri sizi bulaşdyrmaga ýa-da ýalňyş ugra gönükdirmäge synanyşyp bilerler.
Şeýle-de bolsa  ähli zady ýeke özüňiz etmäge çalyşman ynanýan adamlaryňyzdan kömek sorasaňyz köp zat üstünlikli başa barar. Ozal size uly goldaw beren adamlar bu gezek hem kömek etmäge taýýar bolarlar. Käbir Hamallar bolsa örän peýdaly maslahatlary alarlar. Hut şol maslahatlar sizi käbir ýalňyşlyklardan gorar.Günüň ikinji ýarymynda pul we gymmatly emläk bilen bagly meselelerde howlukmaň. Satyn alyşlar barada karar kabul etmezden ozal gowy pikirleniň. Bu gün meýilleşdirilmedik çykdajylardan gaça durup bilýän Hamallar soňundan özleriniň tygşytlylygyna köp gezek minnetdar bolarlar.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu gün köp peýdaly işler üçin örän amatlydyr. Ozal örän kyn ýaly görünýän işlere hem arkaýyn girişip bilersiňiz. Beýlekileri kyn ýagdaýa salan meseleleri siz aňsatlyk bilen çözüp bilersiňiz.Maşgala bilen bagly meseleler hem wagtyňyzyň bir bölegini alar. Ýakyn adamlaryňyzyň birine kömegiňiz gerek bolup biler. Şeýle ýagdaýlarda ilki bilen meseläniň düýp sebäbine düşünmäge çalşyň  soň bolsa çäre görüň.
Günüň ikinji ýarymynda öz pikiriňizde durmak has möhümdir. Şeýle hem maşgala duşuşyklary örän şowly geçer. Köne dostlaryňyzyň myhmançylyga gelmegi mümkin, bu bolsa size uly şatlyk getirer. Söýgüli adam bilen gatnaşykda käbir dartgynly pursatlar ýüze çykyp biler. Şeýle ýagdaýlarda sabyrly we hoşniýetli bolmaga çalşyň, şonda ähli meseleleri tiz wagtda çözmek mümkin bolar.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu gün düýbünden kynçylyksyz geçmez. Käbir Jöwzalar üçin irden ownuk meseleler dartgynly söhbetdeşlikler ýa-da ýakymsyz duşuşyklar bilen başlap biler. Şeýle-de bolsa siz ruhubelentligiňizi saklap bilersiňiz. Hut şol oňyn garaýyş hem ähli kynçylyklary tiz wagtda ýeňip geçmäge kömek eder.
Bu ýekşenbede üstünlik gazanmagyň ýene bir syry gündelik işleri hem döredijilikli ýerine ýetirmekdir. Oýlap tapyjylyk we hyýal güýji talap edilýän ýerlerde özüňizi aýratyn gowy görkezersiňiz. Täze we gyzykly pikirler peýda bolup biler. Olary durmuşa geçirmekde täze tanyşlar höwes bilen size goşularlar we tiz wagtda ýakyn dostlara öwrülerler.Maşgala gatnaşyklarynda hem oňyn özgerişler bolup biler. Eger soňky döwürde uly ýaşly garyndaşlaryňyz bilen jedelleşýän bolsaňyz indi ähli meseleleri asuda ýagdaýda ara alyp maslahatlaşyp, ylalaşyga gelmek mümkinçiligi dörär.Günüň ikinji ýarymynda köpden bäri görmedik we küýsän adamlaryňyz bilen duşuşarsyňyz. Olar size möhüm maglumatlary berip bilerler. Käbir Jöwzalar bolsa gyzykly teklipleri alarlar.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu gün köp zat üstünlikli başa barar. Ýyldyzlaryň goldawy örän güýçli bolar. Şonuň üçin köpden bäri meýilleşdirýän işleriňizi amala aşyrmak ýa-da uzak wagtlap oýlanyp ýören täsin pikirleriňizi durmuşa geçirmek üçin amatly pursatdyr.Daş-töweregiňizdäki adamlar başlangyçlaryňyzyň üstünlikli boljakdygyna şübhelenip size kömek etmekden ýüz öwrüp bilerler. Ýöne bu sizi ruhdan düşürmeli däldir. Siz özbaşdak hereket edip hem ajaýyp netijeleri gazanyp bilersiňiz.Käbir Seretanlar möhüm kararlary özbaşdak kabul edip bilýändiklerinden aýratyn kanagatlanarlar. Soňky döwürde durmuşyňyzda üýtgeşiklikler etmek barada oýlanýan bolsaňyz, bu gün täze ugurda ilkinji ädimleri ätmek üçin amatlydyr. Içki duýgyňyza gulak asyň ol saýlan ýoluňyzyň dogrudygyny tassyklar.Söýgi gatnaşyklary nukdaýnazaryndan hem gün örän amatly bolar.
 Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün durmuşyňyza täzeçillik girizmäge synanyşyň. Gündelik birmeňzeşlikden azajyk bolsa-da daşlaşmak size peýda getirer. Täze ugurda ilkinji ädimleri ätmek üçin amatly pursatdyr.Elbetde,hemme zat garaşyşyňyz ýaly bolmazlygy mümkin. Ýöne bu sizi maksadyňyzdan ýüz öwürmäge mejbur etmez. Siz öňe gitmegi dowam etdirersiňiz we netijeden lapykeç bolmarsyňyz. Pikirleriňizi durmuşa geçirip biljekdigiňize doly ynanmaýan bolsaňyz köne dostlaryňyz bilen maslahatlaşyň. Ozal hem size kömek eden adamlaryň tejribesi peýdaly bolar.Garaşylmadyk duşuşyklar bolup biler. Käbir Esetler öň diňe gowy zatlary eşiden adamlary bilen tanyşarlar. Şeýle tanyşlyklar üýtgeşik dostlugyň ýa-da üstünlikli hyzmatdaşlygyň başlangyjy bolup biler.Bu gün edýän käbir hereketleriňiz ýakynlaryňyza howlukmaç     ýa-da oýlanyşyksyz ýaly görünmegi mümkin. Käbir tankydy bellikleri hem eşidip bilersiňiz. Emma biraz wagtdan soň hemmeler siziň dogry ýol saýlandygyňyza göz ýetirerler. Şol pursatda size örän ýerlikli kömek teklip edilmegi hem mümkindir.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün sizi örän işjeň we wakalara baý gün garaşýar. Köp Sünbüleler muny halarlar  sebäbi içgysgynçlyga wagt bolmaz. Munuň ýerine gyzykly işler bilen meşgullanmaga mümkinçilik dörär. Bu ýekşenbede eşidýän habarlaryňyz we başdan geçirýän wakalaryňyz ozal üns bermedik zatlaryňyz barada çynlakaý oýlanmaga mejbur eder.Käbir Sünbüleler durmuşyndaky käbir wakalara täzeçe nazar salarlar. Hut şol täze garaýyş hem oňyn özgertmeleriň başlangyjy bolup biler. Meseläni çözmegiň adaty usullaryndan ýüz öwrüp, täze çemeleşmeleri synap görmek islegiňiz dörär.Şeýkle hem  içki duýgyňyza gulak asyň  ol size iň dogry ädimi görkezer.Başgalaryň hökman goldaw bermegine garaşmaň. Bu gün özbaşdak hereket edýänler has gowy netijeleri gazanarlar.Günüň ikinji ýarymynda maşgala meselelerine üns bermeli bolarsyňyz.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Günüň ilkinji ýarymy birneme çylşyrymly bolup biler. Kyn meseleleri çözmeli düşnüksiz ýagdaýlardan çykalga gözlemeli bolarsyňyz. Şeýle-de bolsa,alada etmegiň zerurlygy ýok. Güýçli içki duýgyňyz size dogry ýoly tapmaga kömek eder we ýalňyşlyklaryň öňüni alar.Bu döwürde düşünişmezlikler adatdakysyndan has köp ýüze çykar. Hatda öň sizi hemişe goldap gelen ýakyn adamlar bilen hem ylalaşmak kyn bolup biler. Käte kimdir biri bilkastlaýyn sizi gaharlanmaga synanyşýan ýaly duýulmagy mümkin. Köp Mizanlar üçin uly ýaşly garyndaşlar bilen düşünişmek aýratyn kyn bolar.Emma günüň ikinji ýarymy has rahat we ýakymly geçer. Keýpiňiz gowulaşar  adamlar bilen gatnaşyklaryňyz ýeňilleşer. Umuman durmuşyň   ýuwaş-ýuwaşdan kadalaşýandygyny duýarsyňyz.Köp Mizanlary romantik garaşylmadyk ýagdaýlar we ýakymly sowgatlar begendirer. Şeýle hem şowly ýagdaýlaryň netijesinde köpden bäri arzuw edilýän maksada ýetmek ýa-da ozal diňe hyýal ýaly görünýän pikiri durmuşa geçirmek mümkinçiligi dörär.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu gün örän işjeň geçer. Bir wagtyň özünde birnäçe iş bilen meşgullanmaly bolarsyňyz. Elbetde bu aňsat bolmaz ýöne siz ähli zady üstünlikli ýerine ýetirersiňiz.Soňky hepde öwrenen zatlaryňyz size örän peýdaly bolar. Şeýle hem köne dostlaryňyz bilen soňky günlerde bolup geçen wakalary ara alyp maslahatlaşmak ýerliklidir. Bu, ýagdaýlara başgaça göz bilen seretmäge kömek eder.Akraplary ýakymly duşuşyklar garaşýar. Esasanam pikirdeş adamlar bilen aragatnaşyk ýetmezçiligini duýanlar üçin bu gün aýratyn gowy bolar. Öz garaýyşlaryňyza ýakyn adamlary tapyp, gyzykly mowzuklar barada söhbetdeş bolup bilersiňiz. Täze tanyşlyklaryň döremegi hem mümkindir. Şeýle tanyşlyklaryň biri uzak ýyllap dowam etjek dostlugyň ýa-da owadan söýgi hekaýasynyň başlangyjy bolup biler.Öňden meýilleşdirilen işleriňize täze meseleler hem goşular. Käbir ýagdaýlarda başgalaryň başarmadyk işlerini ýeke özüňiz çözmeli bolarsyňyz. Netijä ýetmek üçin birnäçe gezek synanyşmak gerek bolup biler. Yhlasly boluň. Hut tutanýerliligiňiz sizi köpden bäri arzuw edýän zadyňyza ýetirer.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)

Bu gün wakalar örän çalt depginde ösüp biler. Oýlanmak üçin köp wagtyňyz bolmaz, şonuň üçin kararlary tiz kabul etmäge we meýilnamalaryňyzy ýagdaýlara görä üýtgetmäge taýýar boluň. Ýagdaýy dessine seljermek başgalaryň ünsden düşüren ownuk jikme-jikliklerini görmek we dogry netijä gelmek ukybyňyz bu gün size örän peýdaly bolar.Şeýle-de bolsa käbir dartgynly pursatlar hem ýüze çykyp biler. Esasanam ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklarda düşünişmezlikler bolup biler. Köp Kowuslar başda beýlekileriň özleri ýaly çalt karar kabul edip bilmeýändigine düşünmezler. Başgalaryň haýal hereket etmegi esasanam ýaş Kowuslary gaharlandyryp biler.Şeýle hem pul bilen bagly meselelerde aýratyn seresap boluň. Bu gün biraz ýeňil pikirli bolmaga ýykgyn edersiňiz. Şonuň üçin gereksiz çykdajylaryň ýa-da şowsuz satyn alyşlaryň ähtimallygy ýokarydyr.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu gün hemme zat aňsat bolmaz. Şeýle-de bolsa, ýeňil üstünliklere bil baglamasaňyz we hemme zadyň öz-özünden gowy bolaryna garaşmasaňyz, günüň netijesinden kanagatlanarsyňyz.Netije gazanmak isleýärsiňizmi? Onda köp zähmet çekmäge taýýar boluň. Esasanam öň aňsat ýerine ýetirilen işler bu gün sizden has köp güýç we üns talap eder. Ýagdaýlara pelsepewi garaýyş bilen çemeleşmäge synanyşyň. Bu size köp zady ýeňilleşdirer.Käbir ýakymsyz garaşylmadyk ýagdaýlar ýüze çykyp biler.  Ýakyn adamlaryňyz bilen hem düşünişmezlikler bolup biler. Geçmişdäki ýakymsyz wakalar barada gürrüň etmezlik we köne öýke-kineleri  ýatlatmazlyk maslahat berilýär. Oňyn pikirlenmäge çalyşyň. Şeýle çemeleşme adamlaryň biri-biri bilen düşünişmegini has aňsatlaşdyrar.Bu gün sapara çykmaly bolmagyňyz hem mümkindir. Ýolda aýratyn seresap boluň.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )

Bu gün işler isleýşiňiz ýaly aňsat gitmez. Soňky döwürde hemme zady üstünlikli ýerine ýetirip gelen Daluwlar şowlulyk döwrüniň tamamlanýandygy barada pikir edip bilerler.Hakykatdan hem, käbir işlerde gijikmeler, şowsuz kararlar ýa-da ownuk ýitgiler bolup biler. Emma köp zat siziň daş-töweregiňizdäki adamlara bagly bolar. Eger ýanyňyzda düşünjeli we hoşniýetli adamlar bolsa, özüňizi has rahat duýarsyňyz. Köne dostlar aýratyn kömek ederler. Olaryň goldawy bilen ýüze çykan meseleleriň köpüsini tiz wagtda çözüp bilersiňiz. Günüň ikinji ýarymynda dynç alyş çärelerine gatnaşýan Daluwlary gyzykly tanyşlyklar garaşýar. Täze romantik duýgular hem peýda bolup biler. Täze tanşan adamyňyz ilkinji görüşde göwnüňize ýarar we bu duýgy özara bolar. Ýöne netijeleri çykarmaga howlukmaň.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün köp işler üçin örän amatly bolar. Ýyldyzlar siziň tarapyňyzda bolup  ähli meselelerde goldaw bererler. Iň çylşyrymly işlere-de arkaýyn girişip bilersiňiz. Ozal örän bulaşyk ýaly görünýän meseleleriň çözgüdini taparsyňyz.Netijeler garaşyşyňyzdan hem gowy bolar. Üstesine-de, uly tagalla etmezden üstünlik gazanyp bilersiňiz. Şeýle hem gymmatly tejribe toplap köp sanly ýakymly tanyşlyklary edinmek mümkinçiligiňiz bolar.Käbir Hutlaryň durmuşy şu gün düýpgöter oňyn tarapa üýtgäp başlar. Munuň üçin diňe dogry wagtda dogry ýerde bolmak we içki duýgyňyza ynanmak ýeterlikdir. Hut şol duýgy haçan aýgytly ädim ätmelidigini size görkezer. Günüň ikinji ýarymynda  köne tanyşlar özlerini ýatladyp bilerler. Siz olar bilen täzeden aragatnaşyk saklamaga şat bolarsyňyz. Köpden bäri başlan, ýöne tamamlanmadyk işleri üstünlikli jemlemek başardar. Şeýle işleri gutaranyňyzdan soň, özüňizi has ynamly we rahat duýarsyňyz.Agşam bolsa diňe siz üçin däl, eýsem ýakynlaryňyz üçin hem möhüm bolan örän gowy habarlar bilen begendirer.
Hormatly okyjylarymyz!