SPORT

Türkmen türgenleri erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda 4 medal gazandy

Da Nang şäherinde erkin göreş boýunça U23 Aziýa çempionaty tamamlandy. Ýaryşyň netijelerine görä, Türkmenistanyň milli ýygyndysy jemi dört medal — bir altyn we üç bürünç medal gazandy.

86 kg çenli agram derejesinde Alp Arslan Begenjow Aziýanyň çempiony boldy.

Bürünç medallary şu türgenler gazandylar:

  • Azatberdi Aşyrgulyýew (61 kg),

  • Soltansanjar Begenjow (79 kg),

  • Döwletgeldi Myradow (92 kg).

Amir Hamaýun (65 kg) we Watan Annaorazow (74 kg) öz agram derejelerinde bäşinji orny eýelediler.

Milli ýygyndymyz umumy toparlaýyn hasabynda 90 utuk toplap, ýaryşa gatnaşan 16 ýurduň arasynda 5-nji orna mynasyp boldy.

Türkmenistanyň erkin göreş boýunça milli ýygyndysyny halkara arenasyndaky şeýle şowly çykyşy bilen gutlaýarys!

Ýene-de okaň

Alp Arslan Begenjow Aziýanyň çempiony boldy

Gwardiola 10 ýyllyk topary bilen hoşlaşdy

“Spartak” topary Russiýanyň Kubogyny gazandy

Ajun Ylyjalynyň «Hall Siti» topary Angliýanyň Premýer-ligasyna çykdy

«Bawariýa» topary 21-nji gezek Germaniýanyň kubogyny gazandy

Ukrainaly boksçy 3 guşagyny gorady