“Altyn pökgi ” bäş gezek eýesi, hüjümçi Kristiano Ronaldo Portugaliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty üçin gutarnykly düzümine girizildi. Bu barada milli federasiýanyň metbugat gullugy habar berýär.
Ronaldo häzirki wagtda karýerasyny dowam etdirýän we bäş sany dünýä çempionatynda oýnan iki futbolçynyň biridir. Beýleki oýunçy bolsa “Altyn pökgi” baýragynyň sekiz gezek eýesi, Argentinanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messidir. Şeýle hem bäş sany dünýä birinjiliginde meksikalylar Antonio Karbahal we Rafael Markes, nemes Lotar Matteus oýnapdylar.
Ronaldo we Messi 6 sany dünýä çempionatyna gatnaşjak ilkinji futbolçylar bolup bilerler.
2026-njy ýylyň dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler. Ýaryş 11-nji iýundan 19-njy iýuly aralygynda geçiriler. Dünýä birinjiligine ilkinji gezek 48 topar gatnaşar.
Toparçalaýyn tapgyrda portugallar Özbegistanyň, Kolumbiýanyň we Kongo Demokratik Respublikasynyň ýygyndylaryna garşy oýnarlar.
