Türkmen dilini ösdürmäge hem-de dürli medeniýetleriň arasynda köpri gurmaga gönükdirilen “Makul Language Series” taslamasynyň üçünji kitaby — “Makul English & Turkmen Proverbs” indi Amazon platformasynda Kindle (elektron kitap) görnüşinde okyjylara hödürlenildi.
Kitap bilen tanyşmak we Kindle görnüşinde okamak üçin aşakdaky baglanyşygy ulanyp bilersiňiz:
Amazon sahypasynda elýeterlidir
Makul Hyzmat terjime merkeziniň sponsorlygynda neşir edilen bu kitap iňlis we türkmen nakyllarynyň giň toplumyny öz içine alýar. Onda iňlis nakyllarynyň türkmen dilindäki düşündirişleri, şeýle hem türkmen nakyllarynyň iňlis dilindäki deňeşdirme görnüşleri ýerleşdirilip, iki halkyň arasynda dil we medeni baglanyşyk aýdyň görkezilýär.
Nakyllar her bir milletiň taryhyny, durmuş tejribesini hem-de gymmatlyklaryny şöhlelendirýär. Kitaby taýýarlamak döwründe iňlis we türkmen nakyllarynyň köpüsiniň many taýdan meňzeşdigi, hatda käbir ýagdaýlarda şol bir pikirleri beýan edýändigi ýüze çykaryldy. Bu bolsa dürli medeniýetleriň arasynda umumy gymmatlyklaryň bardygyny görkezýär.
“Makul English & Turkmen Proverbs” diňe bir dil öwrenijiler üçin däl, eýsem terjimeçiler, talyplar we halkara gatnaşyklara gyzyklanýan okyjylar üçin hem peýdaly çeşme bolup hyzmat edýär.
Bu neşir “Makul Language Series” atly toplumyň möhüm bölegi bolup, öň çap edilen:
atly kitaplar bilen bilelikde giňişleýin bilim platformasyny döredýär. Şeýle hem bu kitaplar Library of Congress, New York Public Library, Harvard University we Stanford University ýaly abraýly kitaphana kataloglaryna girizildi hem-de Google Books tarapyndan hasaba alyndy.
