2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Tunisiň daşary işler, migrasiýa we daşary ýurtlardaky tunislileriň işleri boýunça ministri Mohamed Ali Nafti arasinda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Konstruktiw söhbetdeşligiň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we syýasy-diplomatik gepleşikleri has-da berkitmäge, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda ministrler köptaraply türkmen-tunis hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.
