Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda türkmen ýaşlaryny 2026-2027-nji okuw ýylynda Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek meselesi barada hasabat berdi.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow türkmen ýaşlarynyň dostlukly ýurduň ýokayr okuw mekdeplerine maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary, bilim we pedagogika ylymlary, oba hojalyk we oba hojalygy ylymlary, inženerçilik işi, tehnologiýa we tehniki ylymlar, matematik we tebigy ylymlar ýaly ugurlar boýunça ibermegiň maksadalaýyk hasaplanylýadygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanda ýaşlaryň daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini, munuň milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmäge ýardam berýändigini belledi.
Döwlet Baştutany Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek barada taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
MAHABAT
Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime
Daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.
“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi
Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,
Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401
Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55
Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com
