SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

10-njy Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2025-nji ýylyň                                10-njy  dekabryndaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Bu gün  Hamallaryň öňünde täze mümkinçilikler açylar. Iş meseleleriňizde  öňden bäri çözgüt tapmadyk soraglaryňyzda öňe gidişlik gazanarsyňyz. Şeýle hem hyzmatdaşlyk teklipleri peýda bolup biler.  Gün  ikinji ýarymynda  sabyrly bolmak maslahat berilýär.

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

Sowurlar üçin bu günki gün netijeli we durnukly geçer. Maliýe taýdan täze pikirler  peýda  bolup biler.Şeýle hem bu wagt möhüm kararlary çözmek üçin amatly wagt. Ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyzy  gowulandyrmak üçin  pursat döräp biler. Gün  ikinji ýarymynda  saglygyňyza ähmiýet beriň ujypsyzja  ýadawlyk duýup bilersiňiz.

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Jöwzalar üçin bu gün aragatnaşyk pikir edişiňizden hem has gowy bolar.Gowy habarlar almagyňyz, uzak wagtlap garaşan meseleleriňiziň çözülmegi  mümkin. Işe degişli planylaryňyzda üstünlik gazanarsyňyz.Emma  resminama işlerinde ünsli bolmak zerurdyr. Gün  ikinji ýarymynda  duşuşyklar, gepleşikler üstünlikli geçer.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Seretanlar üçin bu gün biraz aladaly başlasa-da, günortan aýdyňlaşma we rahatlyk getirer. Öý we maşgala meselelerinde täze çözgütler tapylar. Maddy taýdan garaşylmadyk çykdajylar  bolup biler, ýöne uly oňaýsyzlyk döretmez. Ýakynlaryňyzyň goldawy güýç almagyňyza sebäp bolar.

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

Esetler üçin döredijilikli we üstünlikli gün. Işde täze pikirleriňiz kabul  ediler, ýolbaşçylaryň dykgatyna düşüp bilersiňiz. Şahsy durmuşyňyzda  hoş niýetli gürrüňlere, duýgy taýdan rahatlylyga garaşylýar. Gün  ikinji ýarymy sport bilen meşgullanmak  üçin amatly gün.

Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Sünbüleler  bu günki gün has çuňňur pikirlenmeli bolarlar. Işiňizde jikme-jik seljerme talap ediler. Birnäçe möhüm meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolup bilersiňiz,. Gün  ikinji ýarymynd ýakynlaryňyz ýa-da dost ýarlaryňyzdan  gowy habarlary  almagyňyz mümkin.

Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Mizanlar  üçin deňagramly gün garaşýar. Şeýle hem täze tanyşlyklar  dörap  biler, şolaryň arasynda size peýdaly maslahat berip biljek adamlar hem  bolar. Gün  ikinji ýarymy işiňizdäki çylşyrymly meseleleriňizi ýuwaş-ýuwaşdan çözüp bilersiňiz.Duýgularda sabyr we ünslik maslahat berilýär.

 Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Akraplar üçin gün güýçli energiýa bilen geçer. Maksatlaryňyza ýetmek üçin täze ýol tapyp bilersiňiz. Şahsy durmuşyňyzda bir mesele hakda möhüm gürrüň bolup biler  açyk pikir alyşmak size ýeňillik getirer.

Kowus (keman 23.11 – 21.12) 

Kowuslar üçin täsirli gün garaşýar. Täze mümkinçilik, täze iş teklibi ýa-da ösüş üçin ädim bolup biler. Syýahatçylyk, bilim ýa-da daşary ýurtlar bilen baglanyşykly meselelerde üstünlik  gazanarsyňyz..

Jedi (owlak 22.12 – 20.01)

Jediler üçin bu gün  işjeň we netijeli bolar. Öňden bäri çözüp bilmeýän meseleleriňizi  çözüp bilersiňiz. Maliýe taýdan oňyn üýtgeşmeler bolup biler. Şeýle hem ýolbaşçylaryňyzyň goldawy ýokarlanar.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02) 

Täze maglumatlar peýda bolar.Dostlaryňyz bilen gatnaşyklarda üstünliklere  garaşylýar. Işiňizde tehnologiýa ýa-da döredijilik bilen bagly taslamalarda üstünlik gazanyp bilersiňiz.

Hut (balyk 21.02 – 20.03) 

Hutlar üçin duýgu taýdan ýumşak, emma jogapkärli gün. Maşgala meselelerinde size ýüzlenip bilerler, olaryň hemmesine düşünişmek bilen çemeleşmek maslahat berilýär. Işiňizdäki täze pikir  üstünlikli başlap biler. Güniň ikinji ýarymy yza süýşürip ýören işleriňizi tamamlamak üçin amatly wagt.

 

Ýene-de okaň

12-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

11-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2025;Hepdelik täleýnama (08-nji-14-nji dekabr )

09-njy Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

08-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

07-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama