Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2025-nji ýylyň 24-nji noýabryndaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Bu gün size täze başlangyçlar üçin amatly mümkinçilikler garaşýar. Işiňizde tertip-düzgüni saklap möhüm meseleleriňizi çözüp bilersiňiz. Ýöne söýgi başdan geçirmelerine howlukmaň. Häzir ykbal size maksada okgunlylyk synagyny iberýär.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Günüň dowamynda sabyrlylyk baş ýörelgäňiz bolmaly. Daş-töweregiňizdäki adamlaryň sözlerine ünsli boluň käbir üýtgeşmeler size peýda getirip biler. Maddy meselelerde ätiýaçly hereket etmek maslahat berilýär.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Bu gün işjeňlik we döredijilik energiýaňyz köp bolar. Täze pikirler peýda bolup biler, olar hem geljekde uly üstünlikler getirip biler. Ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklarda açyk gürrüň has peýdaly bolar.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Gündelik aladalar bilen bagly käbir meseleler ýüze çykyp biler. Emma ýagdaýy durnukly saklap bilseňiz, gün siziň üçin üstünlikli geçer. Maşgalada ýylylygyň we düşünişmegiň artmagy mümkin.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Bu gün Esetler güýçli ruh goldawyny alarlar. Işde üstünlik gazanmaga gowy mümkinçilik dörär. Sözleriňize üns beriň ol başgalara güýçli täsir edip biler.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Içki duýgularyňyzy diňlemek üçin amatly gün. Käbir meselelerde dogry karara gelip bilersiňiz.Güniň ikinji ýarymynda täze iş mümkinçiliklerine sabyrsyzlyk bilen garaşyň. Olardan peýdalanmagy başaryň.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Bu gün deňagramlylygy saklamak örän möhüm.Işde täze tekliplere ünsli serediň peýdaly bolup biler. Saglygyňyza we iýmitiňize gözegçilik etmegi hem ýatdan çykarmaň.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Günüň dowamynda güýçli emosional tolgunmalar bolup biler. Şeýle-de bolsa, maksada okgunlylygyňyz netijede üstünlik getirýär. Maddy meselelerde täze mümkinçilikler peýda bolup biler.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Bu gün giň düşünjeli bolmak we täze meýilnamalary gurmak üçin amatly. Ýoluňyzda peýdaly tanyşlyklar ýüze çykyp biler.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Iş bilen baglanyşykly möhüm çözgütleri kabul etmek üçin gowy gün. Öňdengörüjilik siziň iň güýçli tarapyňyz bolar. Maşgala meselelerinde sabyrlylyk zerurdyr.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Bugün döredijiligiöiz güýçlenler.Täze taslamalary başlamak üçin amatly pursat bolar. Ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklarda düşünişmek üçin mümkinçiligi sypdyrmaň.
Hut (balyk 21.02 – 20.03)
Günüň dowamynda duýgurlyk ýokarlanýar, şonuň üçin ownuk zatlara üns bermejek boluň. Işiňizdäki ýagdaýlar gowulaşyp biler. Şeýle-de ruhy dynç almak size gowy täsir eder.
