Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2025-nji ýylyň 23-nji noýabryndaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Bu gün Hamallar üçin anyk, ölçegli hereket etmek möhümdir. Iş ýagdaýlarynda öňki meseleleri jemlemek, degişli resminamalary tertiplemek peýda getirip biler. Gatnaşyklarda ýuwaş, ýöne berk pozisiýada durmak maslahat berilýär.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Sowurlar üçin häzirki ýagdaýlara has realistik göz bilen seretmegi talap edýär. Maddy meselelerde seresap we jogapkär çemeleşme netijeli bolar. Maşgala gatnaşyklarynda möhüm zatlara üns bermelidirler.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Bu gün Jöwzalara maşgala meselelerine üns bermek maslahat berilýär. Tertip, arassalaýyş, resminama işleri ýa-da ýagdaýy kadalaşdyrmak bilen baglanyşykly işler üstünlikli tamamlanar. Şahsy gatnaşyklarda ýakynlaryňyz bilen düşünşmek aňsat bolar.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Seretanar üçin bu gün döredijilik däl-de, borçlaryna laýyk işjeňlik talap edilýär. Köne taslamalary jemlemek, öňki aladalary çözmek üçin amatly gün. Saglyk we gündelik tertip boýunça ünsli hereket etmelidirler.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Esetler üçin bu gün wajyp işlerini etmek maslahat berilýär.Iş ýerlerinde resminamalary gaýtadan seljermek peýda berer. Duşuşyklarda özüňizi ynamly görkezmek mümkinçiligi dörär.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Sünbüleler üçin öý, emläk ýa-da maşgala bilen bagly möhüm meseleleri çykyp biler. Köne resminamalary tertiplemek, arhiw işleri bilen meşgullanmak üçin amatly gün. Öýde tertip-düzgün dikeltmek oňyn täsir eder.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Mizanlar üçin gatnaşyklarda we gürrüňdeşliklerde üstünlik gazanmak mümkin. Iş bilen bagly gepleşikler, maglumat alyşmalar we peýdaly maslahatlar şu gün netijeli geçer. Öňki tanyşlaryňyz bilen aragatnaşyk peýdaly bolar.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Bu gün Akraplara maddy meselelerde seresaplyk maslahat berilýär. Öňki näsazlyklary kadalaşdyrmak üçin amatly gün bolar.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Bu gün Kowuslar üçin işde we şahsy meselelerde ýagdaýlar üýtgäp biler. Häzirki maksatlaryňyza ýerine ýetirmek üçin amatly pursatlar dörär.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Jediler üçin resminama we arhiw işleri bilen meşgullanmak netijeli bolar. Täze taslamalara başlamazdan ozal öňki borçlary ýerine ýetirmek maslahat berilýär.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Daluwlar üçin bu gün ýagdaýlara ýuwaş-ýuwaşdan düşünmek we nädogry ädimlerden ýüz öwürmek üçin amatly. Hünär ugrunda möhüm maglumatlar ýa-da täze çözgütler peýda bolup biler. Özüňize wagt aýyrmak has peýdaly bolar.
Hut (balyk 21.02 – 20.03)
Bu gün ýyldyzlar Hutlara has ygtybarly we maksatlaýyn bolmagy, duýgulardan we fantaziýalardan daşlaşyp, anyk meseleleri çözmeklik maslahat berilýär. Bu gün öň tamamlanmadyk planlary ýatladyp biler.Şeýle hem häzirki ýagdaýlar işjeňligi çäklendirip, saklanmagyňyzy talap edip biler.
