BIZNES

Azerbaýjanyň SOCAR kompaniýasy Türkmenistandaky känleriň özleşdirilmegine gyzyklanma bildirýär

Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet Nebit Kompaniýasy (SOCAR) Türkmenistanda känleriň özleşdiriliş taslamalaryna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär. Bu barada Azerbayjanyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Sahib Alekperow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Türkmenistanyň Maýa goýum forumynda belläp geçdi.

“Ýurtlarymyzyň energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri bar. Azerbayjanyň tarapynyň türkmen nebit we gazynyň üpjünçiligi boýunça uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk mehanizmleri barada anyk gepleşiklere taýýardygy bar. Söhbet üstaşyr ýollary we içerki bazaryň ygtybarly üpjünçiligi hakynda gidýär. “SOCAR” kompaniýamyz Türkmenistanda känleriň özleşdirilişiniň geljegi uly taslamalaryna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär” diýip, ol aýtdy.

Alekperowyň pikiriçe, iki ýurduň elektrik energetikasy pudagynda hem hyzmatdaşlyk üçin gowy mümkinçilikleri bar. “Azerbaýjan, uly öndüriji we eksport ediji hökmünde, üstaşyr üçin ygtybarly geçelgäni teklip edýär. Biz Türkmenistanyň elektrik energiýasynyň Azerbayjana, soňra bolsa üçünji ýurtlara iberilmegi boýunça gowy mümkinçilikleri görýäris” diýip, ol belledi.

Türkmenistanyň Maýa goýum forumy (TIF-2025) 18–19 sentýabr aralygynda Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi. Foruma 45 ýurtdan 800-den gowrak wekiller gatnaşdy. Olaryň arasynda döwlet işgärleri, işewürler we öňdebaryjy halkara guramalarynyň wekilleri bar. Çärede Türkmenistanyň energetika, infrastruktura, logistika, maliýe we innowasiýa ugurlaryndaky maýa goýum mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy