TEHNOLOGIÝA

Şweýsariýa öz emeli intellekt modelini hödürledi

Şweýsariýa milli dil modelini –”LLM Apertus” emeli aň modelini “ChatGPT”, “Llama” we “DeepSeek” emeli aň ulgamlaryna alternatiwa hökmünde hödürledi.

Model öňdebaryjy şweýsariýa uniwersitetleri tarapyndan işlenip düzüldi we mümkinçilikleri boýunça “Meta”-nyň 2024-nji ýylyň **Llama 3** modeli bilen meňzeş diýip, “swissinfo.ch” habar berýär.

Topar alymlar we işewürlik üçin ygtybarly we elýeterli ulgamy döretmäge ünsi jemleýär. Olar uly amerikan kompaniýalary bilen bäsleşmegi maksat edinmeýärler.

Modeliň ähli jikme-jigi, dizaýny we algoritmleri jemgyýetçilige açyk görnüşde elýeterlidir. Alymlar, programmaçylar bu modeli ýükläp, maglumatlaryna doly gözegçilik edip bilerler.

Alymlar eýýäm “Apertus” esasynda saglyk, bilim we howa magdanlary ýaly ugurlarda taslamalary öwrenýärler diýip, metbugat gulluklary habar berýär.

Ýene-de okaň

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar