DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Lesotonyň ministrleriniň duşuşygy

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Lesoto Patyşalygynyň Daşary işler we halkara gatnaşyklar ministri Ležone Mpotžoaneniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Lesotanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) gatnaşmagynyň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda diplomatlar Türkmenistan bilen Lesoto Patyşalygynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan ýakyn wagtda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmaga iki ýurduň gyzyklanmasy beýan edildi.

Taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli dialogyň ähmiýetini bellediler. Söwda-ykdysady ugurda, şol sanda oba hojalygy we gidroenergetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşyldy.

Diplomatlar halkara guramalarynyň, hususan-da BMG-niň çägindäki hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini nygtadylar hem-de parahatçylyk we durnukly ösüşiň hatyrasyna özara goldaw bermek tejribesini dowam etdirmek isleýändiklerini bellediler.

Ýene-de okaň

BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler

Putiniň Gazagystana sapary: milliardlyk maýa goýumy we sürüjisiz gatnawlar

Türkmenistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda duşuşdy

Tokaýew we Putin sürüjisiz awtoulagyň gatnaw taslamasyna badalga berdi

Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilen halkara suw maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy