DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Butanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Butan Patyşalygynyň Daşary işler we daşary söwda ministri Dina Nat Dungýeliň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde we olaryň durnukly ösüşini üpjün etmekde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny (LLDC3) geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar syýasy-diplomatik ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak we halkara düzümleriň çägindäki hyzmatdaşlygy berkitmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ýurduň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny, hususan-da ýurtlaryň we halklaryň arasynda parahatçylygy we ynanyşmagy ösdürmekde öňüni alyş diplomatiýasynyň we oňyn bitaraplygyň ähmiýetini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň sebit we halkara derejelerde äden anyk ädimleri nygtaldy.

Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek boýunça işlemek barada ylalaşdylar.

Related posts

BOMKA maksatnamasynyň 10-njy tapgyryna badalga berildi

Ata Watan Eserleri

Wise-premýer adatdan daşary toparyň başlygy wezipesini täzeden kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Eýran türkmen gazyny Ermenistana ibermäge taýýar

Ata Watan Eserleri