SÖHBETDEŞLIK

Kerim Gurbannepesowyň päk söýgüsiniň kyssasy

Hormatly okyjylar! Ýakynda söýgüli şahyrymyz Kerim Gurbannepesowyň  meşhur “Ýaşlyk dramasynyň”  baş gahrymanynyň gyzy bilen söhbetdeş bolduk. Şol söhbetdeşligimiz size-de ýarar diýip umyt edýärin. Her gezek dogduk obam  Tejen topragynyň Babadaýhan etrabyna baranymda şahyryň:

Murgapda duşupdym gara gözüne,

Lebapda duşupdym güler ýüzüne,

Şabatda sataşdym şirin sözüne,

Kaspide sataşdym täsin näzine,

Paýtagtda sataşdym körpe gyzyna –

Emma bir göwrede tutuş özüne

Sataşmanym habar bermek borjumdyr – diýen setirleri biygtyýar hakydama gelýär. Şol pursat dürli sowallar kalbyma gozgalaň salýar. Ine, şol sowallar şu gezekki söhbetdeşligi ýazmagyma sebäp boldy. Sorap-idäp Ogulýaz gelnejäniň öýüne bardym, näme maksat bilen baranymy aýtdym. Ol ýylgyrdy-da:

–   Arkaýyn, geliň! Baş üstüne, nähili sowalyňyz bar? — diýdi.

       – Ilki bilen oňa gelneje, geňirägem bolsa, ejeňiziň Kerim şahyryň eseriniň baş gahrymanydygyny bilýäňizmi? — diýdim.

–  Hawa. Päk söýgüni hiç kim gadagan edip bilmeýär, gyzym. Milli aýdym-saz sungatymyzda çekinjeň, utanjaň türkmen gyzlarymyzyň paşmadyk söýgüsi hakynda döredilen “Söýli halan”, “Bike halan” diýen ýaly bir topar halk sazlarymyzyň rowaýatlary bilen bagly radiooýunlary diňlänsiňiz-ä?! Türkmen zenanlary beýik söýgä mynasyp bolany üçin nusgawy eserleriň döremegine sebäp bolandyr. Ejemiň şeýle uly şahyryň eseriniň baş gahrymany bolmagyny onuň söýülmäge mynasyplygy hasap edýän.

Gyzym, bir gezek iki-üç sany aýal maşgala bolup “Ýyly suw” şypahanasyna gitdik. Şonda elbetde, biri aýdandyr-da, bilmedim. Bir topar aýal ýanyma gelip: “Siz şol  Kerim şahyryň “Ýaşlyk dramasyndaky” baş gahrymanyň gyzymy?” diýip elleşip salamlaşdylar. Baş atyp “hawa” diýdim. Ýanymda duran joramyň biri: “A gyz, “hawa” diýýäň-le, utanaňokmy?” diýip pyşyrdady. Wiý, toba näme üçin utanaýyn. Ejem näme, ilden çykan iş edipmi? Türkmeniň bir beýik şahyry ony söýüpdir, gowy görüpdir. Söýmek, söýülmek ata-baba gelýän zat, ýöne arzuwyňa ýetmek, ýetip bilmezlik bagt işi diýdim” diýip gürrüň berdi. Men oňa ýene sowal berdim.

    –  Ogulýaz gelneje, şahyryň: “Paýtagtda sataşdym körpe gyzyna” diýen setirindäki gyz sizmi?

Ejem  dünýeden gaýdanda ýaňy mekdebi gutaran ulygyzdym. Köp zat ýadymda. Ejem pahyr bagryndan ýapyk sary getirip, Aşgabadyň  keselhanasynda ýogaldy. Goşgudaky körpe gyz däl, ol mendim. Kerim aga meni “körpe” diýip pikir eden bolmagy mümkin. Körpe jigim Şemşat ol wagtlar kiçidi. Ejeme gözgulak bolup köp wagtlap hassahanada bile ýatdyk. Köplenç daşarda bagyň aşagynda oturýardym. Bir gün bagyň kölegesindäki oturgyçda  otyrdym.  Görsem şepagat uýasy bir elinde owadan gül çemeni, beýleki elinde-de dürli-dümen miwelerden doly ullakan gözenekli torbany göterip gelýär. Ol elindäki gül dessesinem, miweli torbanam elime tutduryp:

–    Şuny size “ber” — diýdiler, alyň! — diýdi.

–    Kim berdi? — diýip soradym.

–  Kerim şahyr — diýdi-de, öz ugry bilen gitdi. Geň galyp töweregime seretdim, ýöne  şahyra gözüm düşmedi.  Belki, ol aňyrda bir ýerde durup meni synlap, ejeme meňzedendir, bilmedim. Şonda onuň şol sowgadyny ejeme eltip berdim.

–   Kim getirdi? — diýip pyşyrdady.  Kerim şahyr iberipdir — diýdim. Çalaja ýylgyrdy. Köp wagt geçmänkä ejem ýurduny täzeledi — diýip, ýaşlyk ýyllarynyň gussaly günlerini ýatlap dymdy. Ol ejesiniň diwardaky asylgy suratyna meňzäp duran mähriban keşbi bilen ýüzüme seretdi. Onuň täsirli hem gussaly ýatlamalary meni, diýseň, tolgundyrdy.

Soňra ol ýerde başga-da kän adamlar bilen gürrüňdeş bolduk. Söhbetdeşligimizi gurnamaga aýal doganymyň adamsy Maksadyň kömegi gaty uly boldy. Maksadyň kakasy Baýmyrat aga bilen goňşy ýaşan, Kerim şahyr bilen birnäçe gezek oturyp oňa hyzmat edip, goşgularyny diňlemek miýesser eden ýaşuly Sähetdurdy aga bilen gürrüňimizi dowam etdirdik.

     –    Sähetdurdy aga ýadyňyzda galan, bilýänleriňizden gürrüň beräýseňiz?

     –  Meniň eşidişime görä “Ýaşlyk dramasyndaky” Ogulgerek atly gyz biziň obamyzda gurply, iri hem maýda mallar fermasynyň başlygy bolan ýigide berlipdir. Ol wagtlar gyz çykarylyp, ogul öýerilende tire yzarlanylýar eken. Onsoňam adamlar uruş döwri bolansoň horluk, açlyk çekipdirler. Ol gyzyňam ene-atasy ýykma-ýykylma gününi aýlaýan maşgala eken. Elbetde, Kerim aganyň maşgalasam gaty bir bolçulykda ýaşamandyr. “Ýaşlyk dramasynda” aýdyşy  ýaly Kerim aganyň: “Araba atylyp äkidilen gyzyň yzyndan ep-esli ýere ýetýänçäm aglap gitdim” diýip, gürrüň bereni şu günki ýaly ýadymda.

Uruşdan soň,  aradan köp  wagt  geçdi. Emma päk söýgi unudylmaýar eken. Kerim aganyňam gowuşmadyk söýgüsi ýadyndan çykmandyr. Bir gezek ol Tejen iline çykyş etmäge geldi. Şonda şahyr meşhur bolan “Ýaşlyk dramasyny” okap berdi. Ýaşulurak biri şol gyzyň şu oba düşenini aýdyp berdi. Şonda şahyr gyzyň soňky ykbaly hakynda gyzyklandy. Şahyra ol gyzyň gelin bolup gelen ýeriniň barly, hiç hili kem zadynyň ýokdugyny gürrüň berdiler. Şondan soň biz Ogulgerek daýzanyň ýüwürjisi Sapar aga bilen söhbetdeş bolduk.

     – Sapar aga siz ol wagtlar 9-10 ýaşly oglanjykdym diýdiňiz bilýän pursatlaryňyzy aýdyp beräýiň?  

–   Jigim, şol adam meniň doganoglan agam bolýa, ýöne men agam hakynda köp zad-a bilemok. Bilýänlerimi aýdaýyn. Ol wagtlar biz kiçiräkdik. Soň ulalanymyzda kakam pahyr gürrüň berýärdi. Ýöne ol hiç wagt maşgalasyny hor  saklamandyr. Mydama gapysynda hyzmätkärleri bolupdyr. Hawa, bu zatlary şahyr bilýän däldir, ol nireden bilsin? Gelnejem hiç wagt hiç kim bilen gatnaşdyrylmandyr. Onuň ýanyna ne jorasy gelipdir, ne-de goňşusy — diýip, Sapar aga birsalym dymyp, ýuwaşlykdan elýaglygy bilen çygjaran gözlerini süpürdi-de gürrüňini dowam etdi.

– Gelnejem görgüli şeýle eli açyk, pespäl, hoş sözlüdi. Ejem pahyr: “Ogulgerek gelnejeň jany adamyň içinde” diýerdi. Biz agam bilen goňşy bolup ýaşardyk, çagalary bilen deň-duşurak bolamyzsoň, köplenç, gelnejemlerde oýnardyk. Şu günki ýaly ýadymda gapysynda hyzmätkärler işlese-de, gelnejem sygyr sagyp, gatyk basyryp, özi ýanlyk ýaýardy. Çagalary bilen oýnap ýören bolsagam “gel, köşegim gaýmak, mesge iýiň!” diýip bizi  iýdirip-içirerdi. Haçan barsaň öňüňe saçak goýup dürli-dümen goýardy. Hiç gysgançlygy bilmezdi —  diýip, Sapar aga çagalyk ýatlamalaryny ýatlady. Men ýene Ogulýaz gelnejä ýüzlendim.

     – Ogulýaz gelneje ejeňiz öz söýgüsi hakynda heý, size aýdyp beripmidi? Näme üçin şahyra berilmedikä?

– Mamam-babam dagy pukara ýaşapdyrlar. Ejem dagy maşgalada üç gyz bolupdyr. Olar Oguldöndi, Ogulbibi, Ogulgerek. Ejemiň doganlaram häzir aýatda ýok. Ejem barada indi gürrüň berjek adam ýok bolaýmasa. Gyzym, iki-üç ýyl mundan ozal gelen bolsaň belki, saňa uly aýal doganym kän zat gürrüň bererdi. Ulygyzkam ejem bilen el iş edip otyrkak “Eje, sen dogrudanam, Kerim şahyry gördüňmi? Siz halaşdyňyzmy?” diýip sowal berdim. Şonda ejem mähribanlygy bilen ýuwaşja ýylgyryp: “Gyzym, biz o döwürler uly ýabyň başyna baryp kir ýuwardyk, guýudan suw çekerdik. Kerim şahyram şol ýabyň boýunda saýaly agaçlaryň aşagynda oturyp, goşgy ýazýardy. Meni synlap, gowy görüp, goşgy ýazypdyr. Bir günem maňa hat ugradypdy. Bu wakadan kän wagt geçmänkä, açlyk-horlukly kynçylyk döwürleri bolansoň, mamaň meni daşgynrak garyndaşlarym diýip, kakaňa berdi. Kakaňy bolsa öň hiç wagt görmändim – diýip gürrüň beripdi. Şahyr bilen bagly söýgüsi hakynda başga bilýän zadym ýok.

Elbetde, kakam  hakynda aýtsam,  hiç wagt aç-hor bolup ýaşamadyk. Ýyrtyk  eşik geýmedik, bol-elinlikde ýaşadyk.  Ýyllaryň geçmegi bilen ejem jan agyr hassa boldy.  Ejem görgüli iň soňky deminde  “Meni dogduk obam Tejende jaýlaň” diýip sargyt etdi — diýeninden, Sapar aga Ogulýaz gelnejä seredip:

– Atam pahyr Nurgeldi Paýan dik durup: “Hiç wagt merhumyň wesýet eden sargydy ýerine ýetirilmän galýan däldir. Hany, oglanlar ýörüň” diýip, özi ýolbaşçy bolup gelnejem pahyry soňky ýoluna ugradypdyr –diýip, kakam pahyr ýatlardy. Ogulýaz gelneje:

–   Ejem janyň dünýesini täzelänine kyrk gün geçipdi. Şondan soň biz telewizor açdyk. Ekranda Kerim aganyň ýaşlar bilen duşuşyk geçirip oturan gepleşigi gidip dur eken. Şonda ýaş ýigitleriň biri ýerinden turdy-da: “Şahyr, ilki söýgiňiz ýogalypdyr” diýýärler, şol çynmyka? Siz şony eşitdiňizmi?” diýip Kerim aga sorag berdi. Şahyryň ýerinden turup, başyny aşak salyp, bir salym dymyp, “Hawa, eşitdim” diýip, jogap bereni şu günki ýaly ýadymda, göz öňümden gidenok” diýip, ol gözleriniň owasyndan syrygýan gözýaşyny süpürdi. Şol pursat onuň ejesiniň juda sowatly, akylly zenan bolandygy hakynda oýlandym. Sebäbi Ogulýaz gelneje-de, diýseň, düşünjeli zenan eken, ejesine meňzän bolmaly. Söýgi näme, duýgy näme, gowy düşünýän eken. Hawa, mähriban okyjylar, meniň bu söhbetdeşligi ýazmagymyň sebäbine dogry düşünersiňiz diýip tama edýärin. Sebäbi mende halkymyzyň ýürek töründen orun alan ajaýyp eserleri döreden beýik şahyrymyza-da, onuň eseriniň baş gahrymanyna-da dogry düşünýän hossarlarynyň bardygyny size-de eşitdiresim geldi. Olara şek ýetirmek maksadym ýok. Ýaşlaryň söýgi meselesinde ýalňyşmazlygyny, hemem päk söýgini goramagyny arzuwlap pikirimi beýan etdim. Merhumlaryň jaýy jennet bolsun! Olary ýatladyk. Şu ýerde ýene bir zady aýdaýyn. Päk söýginiň kyssasyny diňläp oturşyma Kerim şahyryň:

Maňa goýan baş söýginiň mähnetin,

Nirelere alyp gitdi kysmatyň?!

Aglaýan bolsaň-da, gülýän bolsaň-da –

Bir ýerlerden ses gelerdi ahbetin.

 ***

Elbetde, bagtlysyň. Oňýansyň mensiz.

Men weli ölýänçäm dem alman sensiz.

Kyrk müň setir goşgy döreden bolsam –

Her harpynyň içinde Sensiň, Sensiň, Sensiň…

 ***

Ömrüň menzillerden menzile ýetsin.

Men Senden öňürti süýneýin sessiz.

Gara habar güni, gara gözüňden

Bir gara ýaş damsa,     

Şol maňa besdir  –  diýen setirleri gulagymda ýaňlandy.

 

Gülöwser Rahmanowa,

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky

döwlet çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçysy

 

Ýene-de okaň

Duşuşykdan soň gyzyklandyran söhbetdeşlik

Ata Watan Eserleri

Men Eneşiň aýdymlarynyň aşygy

Ata Watan Eserleri

Eýranyň ilçisi: Eýran Türkmenistanyň halkara parahatçylyk başlangyçlaryny goldaýar

BAE-niň ilçisi: Türkmenistanyň Bitaraplygy parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar

Ata Watan Eserleri

Döwletjan Ýagşymyradow: Watanyma we halkyma wekilçilik etmek ajaýyp duýgy

Ilçi Demirok: Türkiýe Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny doly goldaýar

Ata Watan Eserleri