SIZDEN GELENLER

Iňlis dili-täze mümkinçilikler

Häzirki zaman dünýä kämilleşýän bilim giňişliginiň, çalt maglumat alyşmagyň we halklaryň arasynda düşünişmegiň giň meýdanyna öwrüldi. Şeýle ösüşleriň özeninde bolsa dünýä dilleriniň, aýratyn-da, iňlis diliniň aýratyn orny bardyr. Iňlis dili häzirki döwürde diňe bir gepleşik dili bolman, eýsem, halkara ylmy, ykdysady, medeni we bilim babatda hyzmatdaşlygynyň möhüm gurallarynyň birine öwrüldi. Şonuň üçin hem iňlis dilini öwrenmek – bu diňe bir täze dili ele almak däl-de, eýsem, giň bilim mümkinçilikleriniň gapysyny açmakdyr.

Dünýäde iňlis dili resmi ýa-da ikinji dil hökmünde onlarça ýurtlarda ulanylýar. Ylym-bilim ulgamynda çap edilýän kitaplaryň, ylmy makalalaryň we halkara maslahatlaryň aglaba bölegi iňlis dilinde alnyp barylýar. Internet ulgamyndaky maglumatlaryň hem köp bölegi hut şu dilde ýerleşdirilýär. Şonuň üçin hem ýaş nesilleriň dünýä bilen aýakdaş ösmegi, daşary ýurtlarda bilim almaklary, halkara bäsleşiklere gatnaşmaklary hem-de halkara tejribeleri özleşdirmek üçin iňlis dilini bilmek örän zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaş nesli döwrebap bilimler bilen üpjün etmek, olaryň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyş bolmagyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şolaryň biri hem — iňlis dili öwrenilişiniň giňeldilmegi we güýçlendirilmegidir. Ýurdumyzyň mekdeplerinde, ýokary okuw mekdeplerinde we dil merkezlerinde ýaşlara iňlis dili giň gerimde öwredilýär. Şeýle hem döwletimiziň daşary ýurtly bilim hyzmatdaşlary bilen amala aşyrýan taslamalary netijesinde okuwçylaryň we talyplaryň halkara saparlara gatnaşmaklaryna giň mümkinçilikler döredilýär.

Iňlis diliniň öwrenilmegi ýaşlarda diňe bir täze dil başarnygyny däl, eýsem, pikirlenmegiň täze nusgasyny, dünýä düşünişini we özüni görkezmegiň ýoluny açýar. Şeýle hem dürli halkara maglumat çeşmelerine, onlaýn sapaklara, ylmy maglumatlara we dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw jaýlarynyň okuw maglumatlaryna elýeterlilik mümkinçiligi artýar. Bu bolsa ýaşlaryň halkara derejesinde bilim almagyna, ylmy açyşlary geçirmegine we dünýä tejribesinden peýdalanmagyna ýol açýar.

Şeýle hem iňlis diliniň orny diňe bilim bilen çäklenmän, ýaşlaryň şahsyýet hökmünde ösmegine, öz pikirlerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmegine, döredijilikli we giň dünýägaraýyşly bolmagyna ýardam berýär. Bu bolsa ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda döreden bilim syýasatynyň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Netijede, iňlis diliniň öwrenilmegi häzirki zaman ýaşlary üçin täze mümkinçilikleriň açary bolup durýar. Bilimiň, ösüşiň, döredijiligiň we halkara hyzmatdaşlygynyň dabaralanýan döwründe iňlis dili – bu diňe bir dil däl, eýsem, ösüşiň ýoludyr.

Çary Çaryýew,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň

iňlis dili mugallymy

Ýene-de okaň

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Şekillendiriş sungaty sapagynyň ähmiýeti

Internet torunyň orny we ähmiýeti

Beýik Seljuk döwletinde bilimiň gurnalmagynda Mälik şanyň hyzmatlary

Bilim – ösüşleriň berk binýady

Dil öwrenmek-asylly ýörelge