DÜNÝÄ

BMG-niň Baş Assambleýasyna täze başlyk saýlandy

Germaniýanyň ozalky daşary işler ministri Annalena Berbok täze halkara wezipä aldy. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň başlyklygyna saýlandy. Bu barada nemes metbuagty habar berýär.

2-nji iýunda geçirilen ses berişlikde Berbok 167 döwletiň sesini alyp, Baş Assambleýanyň nobatdaky başlyklygyna saýlandy.

Annalena Berbok bu wezipä üçin hödürlenen ýeke-täk dalaşgär boldy. Ol öz çykyşynda goldaw beren ähli döwletleriň wekillerine minnetdarlyk bildirip, Assambleýanyň işini has-da ilerletmek üçin tagalla etjekdigini belledi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy mejlislere başlyklyk edýär, edaranyň işlerini utgaşdyrýar, Assambleýa halkara arenasynda wekilçilik edýär. Ol hiç hili syýasy çözgüt kabul etmeýär, diňe wekilçilik we guramaçylyk işlerini alyp barýar.

Related posts

Eýranyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy gutlady

Palestina ynsanperwer kömek üçin Türkmenistana hoşallyk bildirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti “Global Gateway 2025” ikinji forumyna gatnaşdy