JEMGYÝET

Türkmenistanyň harby gullukçylary Gyzyl meýdandaky harby ýörişe gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady. Şol ýerde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Moskwada geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşdy.

Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan Moskwadaky dabaralarda Gyzyl meýdanda Türkmenistanyň Aýratyn hormat garawuly batalýonynyň harby gullukçylary hem peýda boldular. Türkmenistanyň harby gullukçylary Russiýanyň hem-de dünýäniň birnäçe döwletinden gelen harby gullukçylar bilen deň hatarda Gyzyl meýdanda ýöräp geçdiler.

Şeýle hem Gyzyl meýdandaky harby ýörişe Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Wýetnamyň, Müsüriň, Hytaýyň, Laosyň, Mongoliýanyň we Mýanmanyň harby gullukçylary gatnaşdy.

Russiýadan bolsa, 11 müňden gowrak goşunyň dürli görnüşlerinden 11 müňden gowrak harby gullukçy Ýeňiş gününiň dabaralaryna gatnaşdy.

Umuman, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň baştutanlygynda geçirilen dabaralara Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen bir hatarda Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Müsüriň, Mongoliýanyň, Serbiýanyň we käbir Afrika döwletleriniň Prezidentleri gatnaşdy.

 

Ýene-de okaň

Aşgabat 2026-njy ýylda Russiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryny kabul eder

Milli Liderimiz: Türkmen-rus uniwersitetini döretmek taslamasy dowam etdiriler

Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze döwrebap şäherçe gurlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen gutlady

Britan Geňeşligi türkmen mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga goşant goşýar