JEMGYÝET

Türkmenistanda Ýeňiş güni bellendi

Eziz Diýarymyzda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bellenilýär. Paýtagtymyzyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dünýäniň gülläp ösýän döwletleriniň birine öwrülýän ýurdumyzda 1941-1945-nji ýyllarda watançylygyň deňi-taýy bolmadyk nusgasyny görkezen weteranlarymyzyň, urşuň gazaply günlerini başdan geçiren enelerimiziň, gaýduwsyzlyk bilen zähmet çeken raýatlarymyzyň sylag-hormaty örän ýokarydyr.

Gazaply urşuň söweş meýdanlarynda edermenlik we gaýduwsyzlyk görkezen ýüzden gowrak watandaşlarymyz Gahryman diýen belent ada mynasyp boldular. Müňlerçe türkmenistanlylar söweş ordenleri we medallary bilen sylaglanyldy. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garry atasy, Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar.

Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygynyň ýurdumyz üçin ýene-de bir şanly sene bolan hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda baýram edilýändigi aýratyn buýsandyryjydyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzy üçin Saud Arabystanyna iberiler

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär