DÜNÝÄ

Ýewropa Parlamentiniň Başlygy Aşgabatdaky halkara foruma çagyryldy

Ýewropa Parlamentiniň binasynda Türkmenistanyň Belgiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sapar Palwanow bilen Ýewropa Parlamentiniň Başlygynyň diplomatik geňeşçisi Silwiýa Kosinskanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Ilçi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýewropa Parlamentiniň Başlygy Roberta Metsolanyň adyna iberen 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak üçin resmi çakylyk hatyny gowşurdy.

Taraplar halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, häzirki geosyýasy ýagdaýlary babatynda pikir alyşdylar hem-de häzirki zamanyň wehimleri şertlerinde parahatçylykly dialogyň we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetiniň barha artýandygyny bellediler.

Türkmenistanyň 2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjyna aýratyn üns berildi. Ilçi bu senäniň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllygy bilen gabat gelýändigini belledi. Şeýle hem ol Aşgabatda geçiriljek forumyň döwletleriň arasynda açyk dialogyň we ynanyşmagyň ýörelgelerini ilerletmek üçin möhüm meýdança boljakdygyny nygtady.

Öz gezeginde Silwiýa Kosinska Türkmenistanyň parahatçylygy berkitmäge gönükdirilen başlangyçlaryna ýokary baha berdi we parlamentara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky özara gatnaşyklary dowam etdirmek we netijeli dialogy has-da ösdürmek üçin bilelikdäki tagallalary etmäge taýýardygyny mälim etdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary