SPORT

“Barselona” we “PSŽ” ýarym finala golaýlady

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çarýek final duşuşyklary dowam edýär. Fransiýanyň “PSŽ” topary öz meýdançasynda Angliýanyň “Aston Willa” toparyny 3:1 hasabynda utdy. Beýleki duşuşykda “Barselona” topary öz meýdançasynda Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” toparyny 4:0 hasabynda ýeňdi.

Şeýlelikde, “Barselona” bilen “PSŽ” toparlary jogap duşuşygy üçin artykmaçylyk gazandylar we ýarym finala çykmaga bir ädim golaýladylar.

8-nji apreldäki duşuşyklarda “Arsenal” “Real Madridden” 3:0 hasabynda üstün çykan bolsa, “Inter” topary myhmançylykda “Bawariýany” 2:1 hasabynda utupdy.

Çärýek finalyň jogap duşuşyklary 15-16-njy aprelde geçiriler.

Related posts

Kuraş boýunça dünýä çempionaty Türkmenistanyň üstünligi bilen tamamlandy

Türkmenistanyň çempiony “Zenit” bilen deňme-deň oýnady

Tokio-2020: Fiji regbi-7 ýaryşynyň ýeňijisi