SPORT

“Mançester Ýunaýted” topary üçin täze stadion gurlar

Angiýanyň “Mançester Ýunaýted” topary özüniň 100 müň orunlyk täze stadionyny gurmagy meýilleşdirýär. Toparyň eýelerinden Jim Retkliff täze stadionyň taslamasynyň meşhur Norman Fosteriň binagärlik edarasy bilen bilelikde durmuşa geçiriler. Täze stadionyň bahasynyň 2 milliard funt-sterlinge deň boljakdygy bellenilýär.

Retkliff toparyň häzirki “Old Trafford” stadionynyň 115 ýyl hyzmat edendigini belläp, häzirki wagtda dünýäniň iri sport meýdançalarynyň döwrebap ülňülerine laýyk gelmeýändigini belledi. Täze stadionyň gurluşygy “Old Trafford” stadiony bilen taryhy arabaglanyşygyny saklap galar.

Toparyň resmi saýtynda täze stadionyň konseptual suratlary ýerleşdirildi.

Binagär Norman Foster täze taslamany “geljekki şäheriň kiçijik şekili” hökmünde beýan etdi we onuň Mançesteriň buýsanjyna öwrüljekdigini aýtdy.

Stadion äpet uly “saýawan” bilen gurşalyp alnar we ol energiýany we ýagyş suwlaryny bir ýere ýygnar.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy