JEMGYÝET

Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady. Bu gutlag hatynda rus-türkmen gatnaşyklary çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk ruhunda üstünlikli ösdürilýändigi bellenilýär.

Hususan-da gutlag hatynda şeýle diýilýär:

Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Rus-türkmen gatnaşyklary çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk ruhunda üstünlikli ösdürilýär. Bilelikdäki tagallalarymyz bilen özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklary dostlukly halklarymyzyň bähbidine, şeýle hem Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmagyň hatyrasyna mundan beýläk-de işjeň ösdürjekdigimize berk ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, şu nurana baýramçylyk günlerinde Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň ähli halkyna bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin!

Related posts

Energetika ministri Baýraktar: türkmen tebigy gazy Türkiýä gelýär

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşygy

Ata Watan Eserleri

BMG: “Dünýäniň ilaty 7,7 milliard adama ýetdi”

vepa