SIZDEN GELENLER

Okuwçylaryň işjeňligini artdyrmakda okatmagyň innowasion ugurlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny ösdürmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, Watana wepaly, kämil nesil bolup ýetişmekleri ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

«Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» Türkmenistanyň umumybilim maksatnamasynyň çäklerinde bilim almagyň döwlet standartlarynyň talaplaryna laýyklykda, bilimiň ähli derejelerinde okuw derslerini okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmegiň maksatlaryny, wezipelerini we häzirki zaman çemeleşmelerini, şeýle hem okatmagyň milli we dünýä tejribesine, halkara standartlaryna laýyklygyny üpjün etmäge gönükdirilen resminamadyr.

Bu Konsepsiýanyň mazmuny diňe bir okuwçylaryň kämil bilim almaklaryna giň mümkinçilikleri döretmek bilen çäklenmän, eýsem, bilim ulgamynda zähmet çekýän halypa mugallymlar bilen bir hatarda, ýaş hünärmenleriň halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, özara tejribe sapaklaryny guramaga giň mümkinçilikleri döredýär. Bu bolsa ata-babalarymyzyň halypa-şägirtlik ýörelgeleriniň üstünlikli ösdürilýändigini aýdyň subut edýär. Gahryman Arkadagymyz hem halypa-şägirtlik ýörelgelerine uly üns berýär. Gahryman Arkadagymyzyň okuwçylar, talyplar, ýaş mugallymlar bilen geçirýän umumy okuw sapaklary bilim ulgamynda zähmet çekýän her bir mugallyma yhlasly zähmet çekmäge uly güýç, ylham berýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda adam güýjüne egsilmez baýlyk hökmünde uly sarpa goýulýar. Esasan-da, ýaşlaryň öz aňyýetini kämilleşdirmegi we ruhy dünýäsini baýlaşdyrmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Dünýäniň häzirki zaman ösüşinde ýaşlara bilim berlişini, kämil şahsyýetleri we ussat hünärmenleri taýýarla­ma­gyň gel­je­gi — bu zäh­met bilen üpjünçilikde ýurduň halkara ornuny kesgitleýär. Şeýle hem döwletiň kämil şahsyýeti, ýokary bilimliligi, hünär başarjaňlygyny talap edýän bäsleşige ukyply ykdysadyýeti döretmekde baş orny eýeleýän strategiýa baýlygydyr.

Hususan-da, bilim ulgamynda innowasion özgertmeler bilimiň täze mazmunyny emele getirmek, ony ösdürmek, täzeçe guramak işleri güýçli depginde ösdürilýär. Halkara bilim giňişliginde okatmagyň dürli innowasion usullaryny we görnüşlerini, gyzykly usullaryň mysallaryny, meşhur pedagoglaryň usuly ýörelgelerini, okuw usullaryny hem-de sapagyň netijeli guralmagynyň bähbidine gönükdirilýän teklipleri tapmak bolýar.

Pedagogik ugur — munuň özi mugallym tarapyndan talyplaryň okadylýan ders boýunça talaplaryny we isleglerini kanagatlandyrýan ýumuşlaryň we tabşyryklaryň berilmegidir. Tehnologik (gerekli tehnologiýalardan peýdalanmak) ugur mugallymyň öwredýän dersiniň täsirli we peýdaly bolmagy üçin täze, innowasion tehnologiýalary ulanyp bilmeginden ybaratdyr. Bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklarynyň zerurlygy öz-özünden düşnüklidir. Jemläp aýdanymyzda, bu usul pedagogyň okadýan dersiniň täsirli, peýdaly we netijeli bolmagy üçin zerur guraldyr.

Ylmyň‐tehnikanyň güýçli ösüp, önümçilige ornaşdyrylýan döwründe mekdeplerde geçilýän dersleri okatmagyň usullary hem täze öwüşgine eýe bolýar. Okadylýan sapaklarda interaktiw, multimediýa tagtalaryndan, kompýuterlerden, proýektorlardan we internet maglumatlaryndan, halkara tejribelerinden peýdalanyp, okatmagyň döwrebap usullaryny ulanmak ýokary netije berýär.

Mugallym okadýan dersinde internet maglumatlaryndan we dünýä tejribesini peýdalanyp,geçilýän temalar bilen baglanyşdyryp, okadýan dersi boýunça ýetilen sepgitler bilen baglanyşykly tapylan maglumatlar bilen çäklenmeli dälde, okuwçylary şu dersiň haýsy ugry gyzyklandyrýan bolsa, olary şol ugur boýunça maglumatlary ýygnamaga gönükdirmek bolýar.

Ýurdumyzyň sanly milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrundaky başlangyçlar halkymyzyň şu gününe we ýagty geljegine bolan ynamyny berkidýär. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa ornaşdyrylmagy okatmak işinde birnäçe ýeňillikleri döredýär hem-de işiň netijeliligini has-da artdyrýar. Sanly bilim ulgamynda peýdalanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audio ýazgylar ýaşlaryň nesliň has-da giň möçberdäki maglumatlary kabul etmäge ýardam edýär.

Okuw prosesi diňe bir maglumat bermek bilen çäklenmän, öwrenýänleriň analitik pikirlenme, meseleleri çözmek we innowasion pikirleri döretmek ýaly ukyplaryny hem ösdürmelidir. Interaktiw usullar, şol sanda toparlaýyn iş we pikir alşyşyklar, bu ugurda netijeli bolup durýar. Okuwçylaryň bilelikde işlemek, öz pikirlerini başgalara düşündirmek we topar bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmek ukyplaryny ösdürmäge interaktiw usullar örän peýdalydyr. Mysal üçin, okuw taslamalary we pikir alşyşykly işleri bilelikde ýerine ýetirmek bu ukyplary ösdürýär. Interaktiw usullar arkaly mugallymlar okuwçylaryň düşünjesini anyklap, olara degişli soraglary sorap ýa-da özboluşly maslahatlary berip bilerler. Bu bolsa okuwçylaryň mugallymlar bilen has ysnyşykly gatnaşyk saklamagyna we olaryň bilim berýän mowzugyna bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Okatmagyň täzeçe, ýokary netijeli usullaryny we maglumat tehnologiýalaryny özleşdirýän mugallymlaryň hünär derejesi ýokarlandyrylýar, şeýle hem daşary ýurtlaryň bilim edaralary bilen gatnaşyklar ösdürilýär. Bularyň hemmesi ýaşlarymyzyň döwlet we halkara derejelerde geçirilýän zehin bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolmagyna giň ýol açýar. Ministrler Kabinetiniň ýokarda agzalan giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, geçen ýylda ýurdumyzyň mekdep okuwçylarydyr talyplarynyň halkara bäsleşiklerde jemi 1 müň 549 medal gazanmaklary hem munuň guwandyryjy güwäsidir.

Ajaýyp döwrümizde talyp ýaşlaryň okamaklary, öwrenmekleri hem-de bilim almaklary üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!

Ogulgerek Rejepowa,

Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Irki ösüş – kämil nesil

Türkmenistan – dermanlyk ösümlikleriň mekany

Baş wezipämiz – ynsan saglygy

18-nji fewral – Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni

Türkmenistan – energetika döwleti

Nebitgaz toplumy – oňyn görkezijiler