SIZDEN GELENLER

Ajaýyp zamananyň bagtly nesilleri

Eziz Watanymyz Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ösüşleriň mekanyna öwrüldi. Munuň şeýledigine bolsa, beýik işleriň durmuşa ornaşdyrylyşynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ösüşiň binýadyny ylym-bilim bilen mäkäm tutýan hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky alyp barýan dünýä derejesindäki beýik işlerine türkmen halkymyz çäksiz buýsanýar. Ýurdumyzyň daşary döwletleriň ýokary okuw mekdeplerinde okamaga, öwrenmäge uly mümkinçilikleriň açylmagy türkmen ýaşlarynyň kalbynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan egsilmez söýgini döredýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda ýaşlaryň bilime, okamaga bolan höwesiniň ýokary bolmalydygyny ündäp: «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýşi ýaly, ylma we bilime esaslanýan özgertmelerdir amal edilýän işler hemişe ösüşleri gazanmaga ýardam berýär.  Şunda türkmen ýaşlarynyň bilim-ylym bilen baglanyşykly yhlaslaryna ähli ildeşlerimiz diýseň guwanýar, buýsanýar. Günsaýyn özgerýän eziz Diýarymyzyň sesine ses goşup, onuň mukaddesliklerini gorap, Watanymyzyň at-abraýyny belende galdyrmak, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Watanymyza wepaly adamlar bolup ýetişmek bolsa, ýaş nesilleriň öňündäki iň uly borç bolup durýar. Bu asylly ýörelgäni ýaş nesle düşündirmek, wagyz-nesihat etmek işi mekdebe çenli çagalar edaralaryndan gözbaş alýar.

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda guralýan sapaklarda terbiýelenýän körpäniň aňyna Watan, dostluk, ene-atany söýmek baradaky ilkinji düşünjeler berilýär. Olaryň gymmatlygy barada çagalara giňişleýin gürrüň berilýär. Multimedia tagtasynda slaýd şekilleri taýýarlanyp, çagalara görkezilýär. Bular hakyndaky goşgular ýatdan öwredilýär. Mundan başga-da, çaga bilen söhbetdeş bolmak hem onuň gürrüň bermek ukybynyň, pikirlenişiniň kämilleşmegine getirýär. Mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlanan kämil bilim-terbiýe usullary orta mekdeplerde hem dowam etdirilýär.

Çaga üçin ilkinji galamyň, ilkinji surat depderiň we çekilen suratlaryň uly ähmiýetiniň bardygy barada oýlanyp gördüňizmi?! Ilkibaşda çekilen alaja toplar, güljagazlar, kebelejikler, guşjagazlar, agaçlar, soňabaka öýler, al-ýaşyl meýdanlar, ir-iýmişler… her bir çaganyň surat depderiniň sahypalaryny bezeýän başlangyç şekillerdir. Şeýle başarnyklar çagada ilki bilen öz maşgalasynda, soňra bolsa çagalar bagynda başlaýar.

Çaga hökman oýnawaç oýnamalydyr. Sebäbi bagtyýar çagalyk oýundan, gülküden, şatlykdan ybaratdyr. Şonuň üçin körpelikdäki oýunlar çaganyň kemala gelmeginde möhüm orny eýeleýär. Ony durmuşa taýýarlaýar. Oýunlaryň esasy serişdesi bolan oýnawaçlar çaganyň ruhy taýdan ösüşine örän uly täsir edýär. Olar çaganyň özbaşdak çözgüt tapmagyna, dünýägaraýşynyň, pikir-hyýallarynyň giňelmegine we dürli ukyplary gazanmagyna, hatda, dogry hünäri saýlap almagyna gözbaş döredýär. Çagalaryň söýüp oýnaýan dürli oýunjaklary olaryň şekil, reňk, ölçeg düşünjeleriniň ösmegine, beýleki çagalar bilen oýnanda, sabyrly hem ylalaşykly bolmagyna, gowy häsiýetleri, endikleri edinmegine uly ýardam edýär. Ine. şeýle ukyplaryny hem çagalar çagalar bagynda işjeň ösdürýärler.

Ösüp gelýän ýaş nesliň ilhalar adam bolup kemala gelmeginde ata-enäniň, terbiýeçiniň, mugallymyň, jemgyýetçilik işgäriniň ýagşy edep-göreldesi uly orun eýeleýär. Ýaş nesliň sagdyn ösmegi, gowy ýaşamagy, okap bilim almagy üçin oňat mümkinçilikleri döretmek hem çaganyň terbiýesiniň, geljeginiň gowy bolmagynyň ilkinji şertleriniň biridir. Ata-enäniň halal zähmeti, ýagşy gylyk-häsiýetleri perzentler üçin uly mekdepdir. Ajaýyp zamanamyzda ýaşaýan türkmen maşgalasyna bolsa agzybirlik, halallyk, asudalyk, birek-birege hormat goýmak, ulyny sylamak, kiçini söýmek, sabyr-kanagatlylyk ýaly iň gowy gylyk-häsiýetler mahsusdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda ylym, bilim ulgamy belent sepgitleri nazarlap, uly üstünliklere beslenýär. Okamak, bilim almak – bize ata-babalarymyzdan galan mirasdyr. Pederlerimiz okamak, ylym öwrenmek bilen dünýä akyl ýetiripdirler. Dana atamyz Magtymguly Pyragynyň “Kitap okan gullar magnydan dokdur” diýen setirlerini okanymyzda hem geçmiş pederlerimiziň kitaba, ylym-bilime hormatynyň uludygyny bilmek bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem ata-babalarymyzdan gelýän ýoly dowam etmek, olara sarpa goýmak barada yzygiderli tagallalary edýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde bilim-terbiýäniň esasy ojagy hasaplanylýan mekdeplerde çagalara ýaşlykdan başlap, asylly terbiýe, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim bermek ugrunda ähli zerur şertler döredilendir.

Bilşimiz ýaly, Garaşsyz Türkmenistanyň ýagty geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesile bilim bermekde, milli ýörelgelere laýyk terbiýe bermekde, aň we beden taýdan sagdyn ösdürmekde bilim edaralarynyň ýokary ähmiýeti bar. Bu ýerde okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna görä edep-terbiýe ulgamy sazlaşykly alnyp barylýar. Okuw-usulyýet işleriniň göwnejaý guralmagy, sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden giň gerimde peýdalanylmagy netijesinde ýaş nesilleriň kämil ylymly, bilimli bolup ýetişmekleri gazanylýar. Bilim edaralarynda ýerine ýetirilýän meýilnamalaýyn hem-de guramaçylykly wezipeler ýaş nesilleriň ähtaraplaýyn sazlaşykly ösmegine, döwletli döwrümize mynasyp şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir.

Ýaşlaryň kämil bilim almaklaryny, hünärli, ilhalar adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmakdaky aýdyň wezipeler, her bir çaganyň öz zehin-başarnygyny açyp görkezmegi üçin döredilýän amatly şertler oňyn netijesini berýär. Ajaýyp zamanamyzda ylymly-bilimli, ruhubelent, Watanyny söýýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taglymatyna uýýan altyn nesil kemala gelýär. Bilimleriň çuňluklaryna aralaşýan we nurana geljege ynamly gadam urýan bagtyýar nesillerimiz özlerini döredijilik äleminde-de taplaýarlar. Olaryň döwlet, halkara derejelerinde geçirilýän bäsleşiklere we beýleki çärelere gatnaşyp gazanýan üstünlikleri Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde dünýä tanadýar.

Ýaş nesliň röwşen geljegi ugrunda taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Enejan Aşyrowa,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyby. 

Ýene-de okaň

Sport – sagdynlygyň çeşmesi

Ata Watan Eserleri

Rus dili – dünýäniň täsirli dilleriniň biri

Ata Watan Eserleri

Dünýä akyldary – türkmen danasy

Zähmet okuwy – başarnygyň açary

Iňlis diliniň ähmiýeti

Saglyk — bagtyýarlygyň gözbaşy