JEMGYÝET

2025-2027-nji ýyllarda Arkadag Medisina klasteriniň birinji tapgyry gurlar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda Arkadag şäherini mundan beýläk-de ösdürmäge degişli möhüm resminamalara gol çekildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Arkadag Medisina klasteriniň birinji tapgyryny gurmak göz öňünde tutuldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine degişli binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak babatda ýerli we daşary ýurt kärhanalary bilen şertnamalar baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2025-nji ýylyň ýanwarynda başlamak we binalary we desgalary 2027-nji ýylyň ýanwar aýynda ulanmaga doly edip tabşyrmak bellenildi.

 

Related posts

Ýedi çapyşyk: jemi 120.000 Amerikan dollary möçberinde baýraklar

Ata Watan Eserleri

Halk Maslahatynyň Başlygy: kadaly suw akymlaryny üpjün etmek zerurdyr

Ata Watan Eserleri

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

Ata Watan Eserleri