DÜNÝÄ

Lukaşenkonyň haýsy atyry ulanýandygy belli boldy

Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko žurnalistler bilen geçiren interwýusynda haýsy atyry ulanýandygy aýtdy. Bu barada “Belarus 1” teleýaýlymy habar berýär.

Döwlet Baştutany “Eternity” atyryndan peýdalanýandygyny aýtdy. Şeýle hem bu atyry prezidentliginiň ilkinji günlerinden bäri ulanýandygyny belläp geçdi.

Ýöne Belarus Lideri bu atyryň haýsy brende degişlidigini mälim etmedi.

“Calvin Klein” ýaly birnäçe kompaniýalaryň “Eternity” brendli atyrlarynyň bardygy bellenilýär.

Related posts

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

Ata Watan Eserleri

Bolgariýa we Rumyniýa Şengen zolagyna goşuldy