DÜNÝÄ

40 ýyldan soň: ÝUNESKO-nyň mejlisi Samarkantda geçiriler

Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Baş Assambleýasynyň 42-nji mejlisinde 2025-nji ýylda Baş Assambelýanyň 43-nji mejlisiniň geçiriljek ýeri kesgitlendi. Bu gezek ýokary derejeli maslahat Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiriler.

Şeýlelikde, 40 ýyldan gowrak wagtdan soňra ÝUNESKO-nyň Baş Assambleýasynyň mejlisi Pariž şäherindan başga bir şäherde guralar.

ÝUNESKO-nyň 42-nji mejlisiniň başlygy Simona-Mirela Mikelesku kabul edilen çözgüdiň uly diplomatik ýeňiş bolup durýandygyny belledi.

Soňky gezek ÝUNESKO-nyň Baş Assambleýaysnyň mejlisi 1985-nji ýylda Bolgariýanyň paýtagty Sofiýa şäherinde geçirilipdi.

Related posts

Lawrow: türkmen talyplaryna ähli mümkinçilikler dörediler

Magtymguly Pyragynyň gyrgyz diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyryldy

Türkmenistan Energetika Hartiýasynyň Ylalaşygynyň döwrebaplaşdyrylmagyna işjeň gatnaşýar

Ata Watan Eserleri