BILIM

Türkmenistanda STEM biliminiň ösdürilmegine üns berler

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Bilim ministri J.Gurbangeldiýewiň BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň täze ýolbaşçysy hanym Jalpa Ratna bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda bilim we çagalaryň hukuklaryny goramak ulgamynda hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri we mundan beýläkde alnyp baryljak bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda ministr her bir çaga üçin inklýuziw we ýokary hilli bilimi üpjün etmäge gönükdirilen ÝUNISEF-iň Türkmenistan boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň çäklerindäki 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň durmuşa geçirilişini goşmak bilen hyzmatdaşlygyň esasy möhüm üstünliklerini belläp geçdi.

“Çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 – 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy”, “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020–2025-nji ýyllar üçin milli strategiýasy” ýaly gol çekilen strategiki resminamalar ýurduň bilim ulgamynyň durnukly ösüşini üpjün edýändigi nygtaldy.

STEM (Science, Technology, Engineering, and Mathematics (Ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika)) biliminiň ösmegine, Arkadag şäherinde robototehnika klubynyň açylmagyna we häzirki zaman sanly bilim tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi. Şeýle hem interaktiw okuw materiallaryny döretmek, bilimi dolandyrmagyň maglumat ulgamyny ornaşdyrmak we mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça tagallalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministr ÝUNISEF-iň irki ösüş we inklýuziýa ugurlarda alyp barýan işiniň ähmiýetini belläp, Aşgabatda we Lebap welaýatynda çagalar baglarynyň binýadynda irki ösüş merkezleriniň döredilmeginiň netijelerini, şeýle hem irki goşulyşma otaglarynyň açylmagyny nygtady. Bu tagallalar bilim işinde ene-atalaryň tutýan ornuny pugtalandyrmaga we aýratyn zerurlygy bolan çagalar üçin bilimiň deň derejede elýeterliligini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Hanym Jalpa Ratna mähirli garşylanandygy üçin minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny ilerletmekde hem-de bilim ulgamyny kämilleşdirmekde gazanylan üstünlikleri kanagatlanma bilen nygtady. Hemmeler üçin ýokary hilli we elýeterli bilimi ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary goldamagy dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Somaliniň bilim ulgamynyň onlaýn duşuşygy

Ata Watan Eserleri

“Türkiýe talyp haky-2025” maksatnamasy başlaýar

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň uniwersitetleri hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan bilen Rumyniýa bilim ulgamynda täze ähtnam gol çekişdi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty abraýly halkara birleşigiň agzalygyna kabul edildi

Türkmen talyplary üçin BAE-de okuw sapaklary guraldy