SIZDEN GELENLER

Şöhratly taryhymyzyň beýany

«Kitap geçeni, geljegi öwredýän dana» diýlişi ýaly, kitap geçmiş taryha göz aýlamaga, ynsanyň jemgyýetdäki ornuna aň ýetirmäge, nurana geljegi gurmaga mümkinçilik döredýär.

Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz agzybir halkymyza şan-şöhratly taryhymyz, geçmiş mirasymyz hakynda gymmatly kitaby sowgat etdi. Eziz Arkadagymyzyň her bir çuň mazmunly eserleri diňe şu gün üçin däl, eýsem, geljekki nesillerimiz üçin hem gymmatly hazynadyr. Halkymyzyň şöhratly taryhyny, gadymy mirasyny açyp görkezmekde gymmatly ylmy garaýyşlary özünde jemleýän Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» atly täze kitaby «Taryha syýahat» hem-de «Ruhy miras» ýaly iki bapdan ybarat bolup, her bapda hem birnäçe bölümler ýerleşdirilipdir. Kitabyň ilkinji babynda Gahryman Arkadagymyz okyjyny söz mülküniň üsti bilen taryhyň syrly gatlaryna syýahata çagyrýar. Kitapda merdana halkymyzyň asyrlaryň dowamynda dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandy, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleri taryhy maglumatlar arkaly täsirli beýan edilýär.

«Oguznamalaryň» ündeýän düýp taglymatam geljegiň abadanlygynda düýnüň tejribesiniň aýanlygyndadyr. Häziriň özünde hem geçeniň ýaşaýandygyna ynanmakdadyr» diýmek bilen Milli Liderimiz kitabyň ikinji babynda milli mirasymyzyň ruhy binýadyna — düýnümize şu günüň nukdaýnazary bilen seretmegi ündeýär. Eseriň bu bölümini okan her bir okyjy halkymyzyň baý medeni mirasyna aýawly garamagyň döwletimiziň jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm wezipesidigine aň ýetirer. Çünki şu wagtky döwrebap ýaşaýşymyz täze dörän taglymat däl, ol öz gözbaşyny gadymy medeni mirasymyzyň jümmüşinden alyp gaýdýar. Gahryman Arkadagymyz bu babatda kitabyň «Gadymy heňňamyň aýdymy» atly bölüminde şeýle belleýär: «Oguz hanyň il-ulsuna pentleri häzirki zaman dünýäsinde rowaçlanýan ynsanperwerlikli taglymatlarymyzdyr».

Gahryman Arkadagymyz bu eserinde şeýle diýýär:

Milli ruhy aýratynlyklarymyzy şöhlelendirýän her bir durmuş pursadyny men ylmyň açyşy hasap edýärin. Ylmyň şol täsinlikleri tejribe bilen, ol nesilden beýleki nesillere geçirilipdir. Eger-de olar açyş hökmünde kabul edilen bolsa, munuň tebigy usulda nesilden-nesle geçmeginiň şeýle sazlaşykly tärde amala aşmazlygam ähtimal. Sebäbi bu ýerde «açyşyň» tebigatyň özündediginiň ykrar edilmesi bardyr.

* * *

Pederlerimiz asyrlaryň mizan eleginden geçirip, bu durmuş hakykatyny pähime öwrüpdirler: Geçmişi bolmadygyň, geljegi bolmaz. Geçmiş — geljegiň berk binýady. Geçmiş — geljegi gurmagyň sapaklary. Geçmiş — pähim-parasat. Halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan geçmişi, taryhy — mertligiň, gahrymançylygyň, ygrarlylygyň, belent ahlaklylygyň taryhy. Halkymyz özüniň bäş müň ýyldan habar berýän taryhynda şu belent ahlak sypatlaryny tug deýin belentde saklap gezdi.

* * *

Il-halk üçin şu güni döretmek, ertiriň kerpijini goýmak ynsanlyk mertebedir. Ýöne, öň hem size niýetlän şeýle söhbetlerimde aýdyşym ýaly, adam bolmak iň kynydyr. Adam bolmak Zeminiň perzendi bolmakdyr. Şunuň asyl özeni hakynda «Gadamy batly bedew», «Arşyň nepisligi» we beýleki işlerimde pikirleriň bir gaýra öwrüm edendigini ýatlamagym artykmaç bolmazmyka diýýärin.

Kitap bilen bagry badaşan halkymyz pähim-paýhasa, kitaba uly hormat goýýar. Milli Liderimiziň ýiti zehininden syzylyp çykan bu kitap bize şamçyrag bolup hyzmat eder. Gahryman Arkadagymyzyň mundan beýläk-de galamynyň ýiti, şeýle dürdäne eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris.

Güldesse Babaýewa,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri