Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda mugallymlaryň sapaklary täsirli guramakdaky alyp barýan işleri möhüm ähmiýete eýedir. Ol döwrebap serişdelerden peýdalanyp, usulyýetiň iň kämil görnüşini saýlap almalydyr. Şeýlelikde, okuwçylaryň dünýägaraýşy ösýär, bilime bolan höwesi ýokarlanýar. Matematika sapagy hem okuwçylaryň hasaplaýyş endiklerini kemala getirmekde aýratyn orna eýe bolup durýar. Ony okuwçylara okuw kitabynyň ýa-da multimediýa tagtasynyň üsti bilen öwretmek bolsa has-da täsirli bolýar, okuwçylaryň sapagy çalt özleşdirmeklerine ýardam berýär.
Matematika gadymdan bäri öwrenilip gelinýän ylymdyr. Adamlaryň arasynda söwda we beyleki aragatnaşyklar ýola goýlup başlananda, hasaplama zerurlygy ýüze çykypdyr. Gadymyýetde adamlara özüniň mülküni, malyny we şuňa meňzeş zatlaryny sanamak üçin hasap gerek bolupdyr.
Matematika biziň köpimiz üçin kyn bolup görünýär, emma her ylymda bolşy ýaly, matematikanyň hem özüne çekiji täsinlikleri bardyr. Sanlaryň kwadratlaryny, kublaryny goşanyňda, olaryň gyzykly häsiýetini aňsa bolýar. 1-iň kuby 1, 2-niň kuby 8 we 3-üň kuby 27-dir. Bu sanlary goşsaňyz, 36 bolar. 1, 2 we 3-üň jemi 6, 6-nyň kwadraty bolsa 36-dyr. Bu sanlaryň üstüne 4-i goşsaňyz, 4-üň kuby 64-dür, kublaryň jemi 100-e deň bolar. Bu sanlaryň özüniň jemi bolsa 10-dur. Görşüňiz ýaly, 100 10-uň kwadratydyr. Bu häsiyetiň hemme sanlar üçin degjşli bolýandygyny hasap görkezýär.
Sanly bilimiň esasy daýanýan dersleriniň biri matematikadyr. Islendik hünärmeniň gündelik durmuşda matematiki hasaplamalar bilen ýüzbe-ýüz bolmagy bu ylmyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Matematikanyň wajyp düşünjeleriniň biri ― progressiýalar. Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde arifmetiki we geometriki progressiýalar, olaryň agzalary, tapawudy, maýdalawjysy, agzalarynyň jemi boýunça düşünje berilýär.
Progressiýalara bank ulgamynda, ykdysadyýetde, lukmançylykda, farmasewtikada, fizikada, botanikada, mikrobiologiýada köp duş gelinýär. Kämil hünärmenleriň kemala gelmeginde arifmetik we geometrik progressiýalar hakynda düşünjeleriň zerurlygyny hem ýatlamak gerek. «Progressiýa» adalgasy latyn «progressio» sözi bolup, «öňe hereket» diýmekligi aňladýar. Bu matematiki adalga b.e VI asyrynda rimli matematik Boesiý tarapyndan ylma girizilen. Progressiýa ― belli bir düzgüne görä kem-kemden köpelýän ýa-da azalýan sanlar yzygiderligi. Onuň esasy iki görnüşi bolup, olar: arifmetiki hem-de geometriki progressiýalardyr.
hem adamyň her günki amaly işi üçin zerur. Ylmyň jemgyýetiň gös-göni öndüriji güýjüne öwrülýän häzirki zaman şertlerinde matematika tebigatda we jemgyýetde bolup geçýän hadysalary we prosesleri modelirlemegiň, öwrenmegiň we öňünden görmekligiň serişdesi, ýagny ylmyň we tehnikanyň dili bolup hyzmat edýär. Şu sebäpli orta mekdebi tamamlaýan uçurymlaryň doly manydaky matematiki taýýarlygy ylmy-tehniki ösüşiň zerur şertidir; ýurduň ylmy-tehniki, önümçilik, ykdysady we goranmak mümkinçilikleri hut şu taýýarlygyň hiline baglydyr. Bu talap bolsabilim işgärleriniň öňünde okuwçylary mekdep partasynda matematiki bilimleriň ýeterlik derejesi bilen ýaraglandyrmak wezipesini goýýar.
olar bolsa bütin dünýä internet toruna birikdirilip başlandy. Bu bolsa okatmagyň interiaktiw usullaryny giňden ulanmaga, ol ýa-da beýleki sebäp bilen sapaga gelip bilmedik okuwçyny uzakdan okatmaga mümkinçilik berýär. Okatmagyň interaktiw usuly bolsa sapak döwründe ähli okuwçylaryň näme iş bilen meşgullanýandygyny, olaryň täze maglumatlary näderejede özleşdirendigini badabat bilmäge mümkinçilik döredýär. Şeýlelikde, okuwçylara täze bilimleri çalt we çuňňur öwretmek üçin şertler döreýär. Netijede, gymmatly okuw wagtyny has peýdaly ulanmak arkaly ony tygşytlap bolýar. Bu bolsa ýakyn ýyllarda matematikanyň mekdep kursunyň mazmunyna täze maglumatlary girizmek arkaly ony baýlaşdyrmaga mümkinçilik berer.