Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasada ýugrulan aladasy netijesinde halkymyzyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Şeýle bolansoň bu babatynda ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Biziň her birimiz hem öz saglygymyzy gorap saklamaga borçludyrys.
Munuň üçin häzirki wagtda lukmanlaryň berýän maslahatlaryna eýerip, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek zerurdyr.
Adamlaryň radiasiýa ýa-da beýleki şöhlelerden goranmagy zerurdyr. Radiasiýa, radioaktiw bölejikleriň netijesinde emele gelýän ionlaşdyryjy hadysadyr. Adamlar her gün radiasiýa bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Gelip çykyşyna baglylykda çeşmeleri tebigy, emeli we adam tarapyndan döredilen.
Adamyň daşky gurşawdan alýan ýyllyk radiasiýa dozasynyň takmynan 80% -i, galan 20% -i lukmançylyk amallaryndan gelýär: rentgen şöhleleri, hasaplanan tomografiýa we başgalar. Radiasiýa adama nädip, haçan we nä derejede täsir edýändigine baglylykda bitarap, peýdaly ýa-da zyýanly bolup biler. Adamyň her gün duçar bolýan radiasiýanyň pes dozalary saglyga täsir etmeýär, ýokary dozalar bolsa howply döremeler keselini (radiasiýa bejergisi) bejermäge, çuňňur dokumalarda operasiýa (stereotaktiki hirurgiýa) etmäge mümkinçilik berýär, ýöne şol bir wagtda sagdyn dokumalary täsirni ýetirip bilýär.
BSGG-nyň tekliplerine görä radiasiýadan goramagyň üç esasy usuly bar:
- wagt,
- aralyk,
- goranmak. Adam güýçli radiasiýa zonasynda näçe az wagt geçirse we ondan näçe daşlaşsa, saglyga ýetirjek zyýany şonça-da gowşakdyr. Gorag, radioaktiw bölejikleriň aralaşmaýan gurşun bunkerleri ýaly ýörite gorag ekranlaryny ulanmagy öz içine alýar.
Mekgejöwen, ýumurtga, tüwi, noýba, pisse, bugdaý kepegi, käşir, erik, pomidor, peýnir, dorag, süýt, kelem, badam, künji ýaly önbümler adamyň bedenindäki radiasiýanyň aradan aýrylmagyna kömek edýär.
Şeýle hem tomus döwründe hem Gün şöhlesinden goranmak hem zerurdyr. Tomus paslynda howanyň gyzgynlyk derejesiniň ýokary bolmagy netijesinde dürli ýaşdaky adamlaryň saglyk ýagdaýyny yzygiderli gözegçilikde saklamaklary zerurdyr. Aýratyn-da, ýürek-damar ulgamy bilen bagly hassalar, gartaşan adamlar we körpeler aşa yssy howadan täsirlenýärler. Wagtynda öňi alynmadyk ýagdaýynda, aşa yssynyň ýa-da gün urmagynyň netijesinde saglyk üçin howply alamatlar ýüze çykyp bilýär.
Umuman, her birimiz sagdyn durmuş ýörelgesine eýermelidiris. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek baş baýlygymyz bolan saglygymyzy goramagyň baş şertidir.
Saglygyň sakasy kadaly sagdyn iýmitdir. Iýmit adam saglygyny, adam bedeniniň sazlaşykly işlemegini üpjün etmekde esasy hyzmatlary amala aşyrýar. Ynsana güýç-kuwwat berýär, sazlaşykly we doly ösüşi üpjün edýär, kesellerden goraýar, ýokanç kesellere garşy göreşmäge kömek edýär.
Ynsan saglygyny goramagy döwletiň baş wezipesi hasaplaýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, halk bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Nurana Gulowa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Keselleriň öňüni alyş fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.