SIZDEN GELENLER

«Hakyda göwheri» — sözleriň düri

Gahryman Arkadagymyzyň maddy we ruhy medeni mirasymyzyň, ynsanperwer hem döwletlilik gymmatlyklarymyzyň belent sarpasyna we giň mazmunly edebi-çeper beýanyna öwrülen «Hakyda göwheri» atly täze kitaby türkmen we iňlis dillerinde neşir edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Bu kitap diňe bir gymmatly taryhy maglumatlaryň çeşmesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent buýsanjynyň çeper beýany bolup durýar.

Watanymyz dünýäde deňi-taýy bolmadyk nepis halylaryň, zergärçiligiň, senetçiligiň, ussaçylygyň gadymy mekanydyr. Bu gadymy toprakda geçmişde milli gymmatlyklaryň gaýtalanmajak nusgalary döredilipdir. Olaryň ebedileşdirilmegi, dünýäde dabaralandyrylmagy milli mirasymyza bolan çäksiz buýsanç duýgusyny oýarýar, halkymyzy täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz täze kitabynyň sahypalarynda: «Ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr. Taryh hakynda söz açylanda dünýäniň iň gadymy halklarynyň arasynda, ilki bilen, türkmen halky hem ýatlanylýar» diýmek bilen, milli taryhy we ruhy gymmatlyklarymyzyň ýyl geçdigiçe öwüşgini artýan mähek daşy dek, gün-günden görklenýän göwher mysaly hakydalarda uly orun tutýandygy jähetden, ajaýyp kitabyny «Hakyda göwheri» diýip atlandyrandygyny buýsançly belleýär.

«Hakyda göwheri» iki bapdan ybarat bolup, onuň birinji babynda şöhratly taryhymyz hem-de şol taryh bilen bagly saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda, ikinji babynda bolsa ruhy-medeni mirasymyzyň köpöwüşginli gymmatlyklary hakynda söz açylýar. Kitabyň birinji babynda Gadymy Änew, Marguş medeniýeti, Parfiýa-Nusaý siwilizasiýasy, Beýik Seljuklar döwri we Horezmşalar döwleti hakynda, şeýle hem şu medeniýetleriň çägine degişli bolan Köne we Täze Nusaý galalary, Şyhalaw, Paryzdepe, Akgala, Togalakdepe, Ajyguýy, Kellelidepe, Taýypdepe, Goňurdepe ýadygärlikleri, Abu Aly Dakkahyň, Babajanyň, Soltan Tekeşiň, Il Arslanyň, Nejmeddin Kubranyň, Törebeg hanymyň aramgähleri, Gutlug Temiriň minarasy barada taryhy maglumatlar beýan edilýär. Ýokarda ady agzalýan medeni ojaklaryň çäginde ýüze çykarylan arheologik tapyndy-gymmatlyklar hakyndaky garaýyşlar aýdyňlaşdyrylýar. Bu taryhy goraghanalaryň, ýadygärlik toplumlarynyň goralyp saklanylmagynyň ähmiýeti, olaryň dünýäň medeni mirasynda tutýan orny dogrusynda hem giňişleýin gürrüň berilýär.

Kitabyň «Taryha syýahat» atly birinji babynda halkymyzyň gahrymançylykly taryhynda gazanylan durmuş-medeni ösüşlere, ruhy galkynyşlara, möhüm syýasy-jemgyýetçilik wakalaryna işjeň gatnaşyp, Watan, il-halk üçin uly tagallalary eden Oguz han, Gorkut ata, Görogly beg, Ärsak we Tridat, Mitridat I, Rodoguna, şa zenany Tomiris, Dawut Çagry beg, Togrul beg, Soltan Sanjar, Alp Arslan, Alaeddin Muhammet II, Jelaleddin Meňburun ýaly belli hökümdarlar, taryhy şahsyýetler hakynda-da ygtybarly maglumatlar berilýär.

Kitabyň ikinji baby «Ruhy miras» diýlip atlandyrylyp, onda gadymy oguzlaryň watany, döreýşi, olaryň döreden dessurlarynyň umumadamzat jemgyýetinde ähmiýeti hakynda, türkmen milletiniň kemala gelşiniň taryhy döwürleri barada söz açylýar. Şeýle hem oguznamaçylyk däpleri esasynda ýazylan «Oguznamalar», «Oguz han», «Alp Är töňňe», «Ergenokon», «Tumar şa» ýaly belli oguznamaçylyk dessanlary barada ylmy we edebi-çeper garaýyşlar öňe sürülýär. Dürli golýazma çeşmeleri arkaly «Oguznamalaryň» gurluşynyň hem mazmun özboluşlylygynyň ylmy seljermesi, oguz dessurlarynyň häzirki täze taryhy döwrümizde mazmun taýdan baýlaşdyrylyşy hakynda täsirli beýan edilýär. Kitapda dürli mazmunly rowaýatlara, halk gürrüňlerine, atalar sözleridir nakyllara, beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerine hem uly orun berilýär.

Göwher Genjiýewa,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika

Tozanyň adam bedenine ýetirýän täsiri

Şöhläniň adam bedenine ýetirýän zyýany

Şöhratly taryhymyzyň beýany

«Akylly» şäher: täze baýraklaryň eýesi