Häzirki şanly günler Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary Diýarymyzyň ähli ýerlerinde giň gerime eýe bolýar. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwet galamyna degişli bolan gymmatly esere gyzyklanmanyň ýokarydygynyň alamatydyr.
Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanyndaky günlerde Gahryman Arkadagymyzyň ýiti paýhasyndan kemal tapan «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň elimize gowuşmagy jemgyýetde uly seslenme döretdi. Bu kitap ähli halkymyz üçin Halkara Bitaraplyk gününe ajaýyp sowgat boldy. Kitabyň ýaşlara ahlak we watançylyk terbiýesini bermekde, olary milli ýörelgelerimiziň esasynda terbiýelemekde uly täsiriniň boljakdygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Eseriň içinden eriş-argaç bolup geçýän türkmen halkynyň taryhy gymmatlyklary, Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewleriniň, milli ýörelgeleriň ýaş nesli watanparaz, beýik ahlakly, maksada okgunly adamlar bolup ýetişmeklerinde uly ähmiýeti bar.
Täze kitap Milli Liderimiziň halkymyzyň şöhratly taryhy, döredijilik mirasy hakynda toplan maglumatlarynyň paýhas dürüdir.Türkmen halkynyň baý taryhy durmuşyndan söz açýan ylmy garaýyşlaryň beýany bolan täze kitap girişden we iki bapdan ybaratdyr. Kitabyň «Taryha syýahat» atly birinji babynda şöhratly taryhymyz, taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda söz açylyp, awtor olar baradaky garaýyşlaryny, pikirlerini bäş bölümiň üsti bilen beýan edýär. Kitabyň ikinji baby «Ruhy miras» diýlip atlandyrylyp, ol alty bölümden ybarat. Kitabyň ikinji babynda milli mirasymyzy emele getirýän ruhy-medeni gymmatlyklar barada söz açylýar.
Kitap gadymy oguz edebiýatyny öwrenmekde-de gymmatly çeşmä öwrüler. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu kitaby ýazmakdan öň ozal ýazan we giň okyjylar köpçüligine ýetirilen dürli kitaplaryny, şeýle hem Watanymyzyň at-abraýy üçin gijesini gündiz edip işleýän arheologlarymyzyň täze taryhy tapyndylar esasynda toplan maglumatlaryny, daşary ýurtlardan getirilen golýazmalar esasynda pikir ýöredip boljak täzeçe taryhy garaýyşlary peýdalanandygyny beýan edýär.
«Hakyda göwheri» türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň şöhratly taryhy hem-de edebi mirasy hakyndaky toplan maglumatlarynyň paýhas dürüdir.
Iki dilde (türkmen, iňlis dillerinde) beýan edilen, iki bapdan hem-de on bir bölümden ybarat bolan bu ajaýyp kitabyň terbiýeçilik ähmiýeti hem uludyr.
Baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň pähim paýhasyndan, jöwher zehininden dörän ajaýyp eser «Hakyda göwheri» atly kitap elimize gelip gowuşdy. Halkymyza özboluşly sowgat bolup elimize gowşan bu ajaýyp kitap, türkmen halkynyň şöhratly taryhyndan, ajaýyp şu gününden habar berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri halkymyzyň baý taryhy durmuşyndan söz açýan ylmy garaýyşlaryň beýanydyr. Kitap girişden, iki bapdan ybarat bolup, türkmen we iňlis dillerinde çap edilen. «Taryha syýahat» babynda şöhratly türkmen taryhy we medeni ýadygärlikleri hakynda, hem-de «Ruhy miras» babynda türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasynyň köpöwüşginli gymmatlyklary dogrusynda maglumatlar beýan edilýär.
Halkyň geçmişi onuň medeniýetinde, sungatynda, milli mirasynda giňden şöhlelenýär. Hut şonuň üçinem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeni we ruhy gymmatlyklarymyza aýratyn sarpa goýulýar we olaryň köpöwüşginliligini gorap saklamak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Ajaýyp kitapda gadymy gymmatlyklarymyz baradaky gürrüňler arkaly milli mirasymyzyň özboluşly aýratynlyklary açyp görkezilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby bizi — muzeý işgärlerini has-da begendirdi. Çünki muzeýlerde şöhratly taryhymyzdan habar berýän milli mirasyň gymmatlyklary saklanýar, öwrenilýär. Şonuň üçinem täze kitap biziň üçin gymmatly gollanmadyr.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş berýän, şeýle ajaýyp kitaplarynyň höwri köp bolup, döwlet galamy elmydama ýiti bolsun.
Läle Baýramowa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.