SIZDEN GELENLER

Türkmenistan – ygtybarly halkara ykdysady hyzmatdaş

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz depginli we yzygiderli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär. Ýurdumyzyň ählumumy we sebitleýin geosyýasatda möhüm ähmiýete eýe bolan halkara abraýy dowamly pugtalandyrylýar. Türkmen döwleti dünýäniň ähli ýurtlary bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň durmuşa geçirilmegine esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär. Bu ugurda Türkmenistan dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk we giň gerimli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegini daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitleýär.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasynyň» wezipelerine laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysady işjeňligi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Häzirki wagtda halk hojalygynyň ähli ulgamlaryna sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.

Türkmenistan milli ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösýän şertlerinde dünýäniň dürli döwletleri bilen ýokary tehnologiýaly pudaklarda hyzmatdaşlyk etmäge, häzirki zamanyň öňdebaryjy bilimlerini we dolandyryş çözgütlerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýär. «Türkmenistanyň 2020-2025-nji ýyllar üçin daşary ykdysady işiniň ösüşiniň maksatnamasyny», «Türkmenistanyň 2021-2030-njy ýyllar üçin daşary söwda strategiýasyny» we söwda, ykdysadyýet hem-de maýa goýumlar ulgamlaryna degişli resminamalardan gelip çykýan çäreleri hem-de taslamalary amala aşyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu babatda, milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşine we ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýän oňyn halkara şertleri döretmek, dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmak, daşary ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, iri maýa goýumlaryny ýurdumyza çekmek ýaly wajyp wezipeler ileri tutulýar.

Ýurdumyz maýa goýumlar babatda hem özüne çekiji ýurtdur. Içerki we daşary ýurt maýa goýum işjeň­ligini artdyrmak, ýurduň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny berkitmek hem-de durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmek babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Döwletimiziň öňe sürýän amatly maýa goýum gurşawyny döretmek babatdaky başlangyçlaryna halkara reýtinglerde ýokary baha berilýär.

Işjeň hyzmatdaşlygy alyp barmakda Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasy, Halkara Pul Gaznasy, Bütindünýä Banky Topary, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky, Aziýa Ösüş Banky, Yslam Ösüş Banky we beýleki maliýe-ykdysady düzümler bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak syýasatyny dowam edýär.

Soň­ky döwürde söwda we maliýe ugurlary boýunça forumlary, sergileri, ýarmarkalary, simpoziumlary, şol sanda, wirtual sergileri geçirmek bilen, ýurdumyzyň senagat we intellektual kuwwaty dünýä ýaýylýar. Dünýäniň iri ykdysady merkezlerinde geçirilen Bütindünýä «EKSPO» sergilerinde ýurdumyzyň ýeten derejesine ýokary baha berilýär. Halkara hyzmatdaşlygyň täze döwrebap gurallaryny we nusgalaryny ornaşdyrmak maksady bilen, Halkara sergiler býurosy bilen hyzmatdaşlygyň gerimini gi­ňeltmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek, daşary ýurtlarda guralýan sergilere we ýarmarkalara milli önümler, hyzmatlar, senagat nusgalar bilen gatnaşmagy işjeňleşdirmek ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar.

Daşary ykdysady ulgamda alnyp barylýan tagallalar ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryndaky ornunyň pugtalandyrylmagyna, täze bazarlaryň özleşdirilmegine hem-de eksport mümkinçilikleriniň we daşary ýurt maýa goýumlarynyň artdyrylmagyna, türkmen harytlarynyň we hyzmatlarynyň dünýä bazaryna çykarylmagyna, halkara we sebit ykdysady hem-de maliýe guramalarynyň mümkinçilikleriniň doly göwrümde peýdalanylmagyna, şeýle-de dünýäniň ykdysady we maliýe bileleşikleriniň öňünde ýurdumyzyň oňyn abraýynyň kemala getirilmegine gönükdirilendir.

Nurana Orazmuhammedowa,

Ahal welaýat maliýe-ykdysady orta hühär okuw mekdebiniň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragy ýyly ösüşlere beslendi

Bank ulgamynyň döwrebap ösüşleri

Saglyk – abadançylyk

Magtymguly Pyragy – dünýä edebiýatynyň parlak ýyldyzy

Magtymguly Pyragy – türkmen şygryýetiniň zergäri

Syýahatçylyk pudagy ösüş ýolunda