PEÝDALY MASLAHAT

DW (Grin Kard): resminamalar kabul edişlik başlady

Öň habar berişimiz ýaly, Green Kard 2026 boýunça resminamalar kabul edişlik başlady. Grin Kart resminamalary tabşyrmak isleýänler DV-2026-TKM-PDF şu ýere basyp, türkmen dilindäki Gollanmany okap, ondan peýdalanyp bilerler.

Grin Kart barada has peýdaly maglumatlary özünde jemleýänligi üçin biz ABŞ Türkmenistandaky ilçijanasynyň web saýtdaky maglumatlary dolulygyna size ýetirýäris.

Her ýylda ABŞ-nyň Grin Kard Lotereýa meýilnamasy, ABŞ-a immigrasiýa derejesi az bolan ýurtlarda doglan 55 000 adama, ABŞ-a hemişelik gitmek mümkinçiligini berýar. Şu lotereýada utujy saýlama kompýuter arkaly geçirilýär we utujylaryň sany dünýa boýunça alty geografik regionlara paýlanylýar. Utujularyň köp göterimi, ABŞ-a immigraziýa az baran ýurtlarda dogulan adamlara berilýär. Utan adamlara, olaryň indiki etmeli ädimleri barada ýörite gözükdirme ulgam arkaly beriler. DW lotereýa barada giňişleýin maglumat berkidilen şu salgyda elýeterlidir.

DV-2026 meýilnamasy

DV-2026 meýilnamasyna gatnaşmak isleýanleriň elektron soragnamasy https://dvprogram.state.gov/ internet sahypa arkaly 2024-nji ýylyň 2-nji oktýabryndan başlap, 5-njy noýabra çenli kabul edilýär. Gatnaşyjylar elektron soragnamany diňe bir gezek tabşyryp bilerler, bir gezekden köp tabşyrylsa, gatnaşmak hukugyny ýitirýarler. DV-2026 meýilnama barada giňişleýin maglumat şu salgyda (PDF 285 KB) elýeterlidir. Iňlis dilinde berilen DV-2026 gözükdirmesi ýeketäk resmi gözükdirmesidir.

Möhüm maglumat: kezzapçylykdan we hilegärlikden ägä boluň! Internet ulgamyndaky kezzapçylykdan we aldawa salýan sahypalardan, ýa-da elektron poçta arkaly gelýän nädogry maglumaty, resmi maglumat ýaly görkezip aldawa salýan internet sahypalardan seresap boluň we giňişleýin maglumat bilen şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.

DV-2026 meýilnamasyna gatnaşmak üçin elektron soragnamany özüňiziň doldyrmagyny maslahat berýäris. Soragnamany doldyrmak aňsat hem tölegsizdir.

DW wiza söhbetdeşlik üçin esasy arzaçy üçin zerur resminamalaryň sanawy:

  1. Pasport (asyl nusga, kopiýa), pasportyňyzyň möhleti ABŞ-a gidiljek gününden başlap azyndan 6 aýdan köp bolmalydyr.
  2. DS-260 anketasynyň ştrih-kodly sahypasy
  3. Surat 2 sany (ululygy 5X5 sm)
  4. Dogluş şahadatnama (asyl nusgasy, kopiýasy we berkidilen iňlis diline terjimesi)
  5. Nika baglaşandygy ýa-da nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnama, ölüm şahadatnamasy (asyl nusgasy, kopiýasy we berkidilen iňlis diline terjimesi)
  6. Lukmançylyk barlagynyň netijeleri bilen möhürlenen bukja (lukmançylyk barlagyny söhbetdeşlikden öň geçmeli).
  7. 16 ýaşdan uly adamlara, daşary ýurtda 1 ýyldan köp ýaşan ýagdaýynda, şol ýurtdan jenaýat jogapkärçiligine çekilmedigi barada şahadatnama (asyl nusgasy, iňlis diline terjimesi)
  8. Jenaýat jogapkärçiligine çekilendigi ýagdaýynda: kazyýet karary hem jeza möhletini tamamlandygy barada resminalar (kazyýet kararyny hem jeza möhletini tamamlandygy barada resminalary) getirmeli – (asyl nusgasy, iňlis diline terjimesi).
  9. 18 ýaşdan uly, we nikada durmaýan raýatlar uçin: RÝANÝA (ZAGS) edarasyndan nikada durmaýanlygy barada beýanama.
  10. Harby gullugy barada resminama: harby gullugynda gulluk eden bolsaňyz, harby biletynyň (asyl nusgasy, kopiýasy we berkidilen iňlis diline terjimesi)
  11. Bilim barada resminamalar: Orta bilim şahadatnamasy (asyl nusgasy, iňlis diline terjime), we orta mekdepden soň alynan bilim barada degişli diplomlar (asyl nusgasy, kopiýasy we berkidilen iňlis diline terjimesi). Söhbetdeşlikden soň goşmaça resminalar talap edip biliner.
  12. Söhbetdeşlik güni wiza tölegi 330 Amerikan dollary, her bir maşgala agzasyna üçin we nagt görnüşinde tölemeli.

DW wiza söhbetdeşlik üçin maşgala agzalary üçin zerur resminamalaryň sanawy:

  1. Pasport (asyl nusga, kopiýa), pasportyňyzyň möhleti 6 aýdan köp bolmalydyr.
  2. DS-260 anketasynyň ştrih-kodly sahypasy
  3. Surat 2 sany (ululygy 5X5 sm)
  4. Dogluş şahadatnama (asyl nusgasy, kopiýasy we berkidilen iňlis diline terjimesi)
  5. Nika baglaşandygy ýa-da nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnama, ölüm şahadatnamasy (asyl nusgasy, kopiýasy we berkidilen iňlis diline terjimesi)
  6. Lukmançylyk barlagynyň netijeleri bilen möhürlenen bukja (lukmançylyk barlagyny söhbetdeşlikden öň geçmeli).
  7. 16 ýaşdan soň 12 aýdan gowrak ýaşan daşary ýurtlaryndan (Türkmenistandan başga) jenaýat jogapkärçiligine çekilmedigi barada şahadatnama (asyl nusgasy, iňlis diline terjimesi)
  8. Jenaýat jogapkärçiligine çekilendigi ýagdaýynda: kazyýet karary hem jeza möhletini tamamlandygy barada resminalar (kazyýet kararyny hem jeza möhletini tamamlandygy barada resminalary) getirmeli – (asyl nusgasy, iňlis diline terjimesi)
  9. Harby gullugy barada resminama: harby gullugynda gulluk eden bolsaňyz, harby biletynyň (asyl nusgasy, kopiýasy we berkidilen iňlis diline terjimesi)
  10. Söhbetdeşlik güni wiza tölegi 330 Amerikan dollary, her maşgala agzasy üçin we nagt görnüşinde tölemeli.

 

Mahabat:

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

«Daýhanbank» banky: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Sürüjilik kurslaryna e.gov.tm ýazylmak mümkinçiligi

Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar

Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz müdirliginiň binasyny üçin bäsleşik

Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ýolagçy gatnatmak hyzmatyny hödürleýär

Aşgabatda № 72 “Awtokombinat – Awtomenzil” täze awtobus ugry işe girizildi