Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň pars dili we edebiýaty hünäriniň mugallymlary we talyplarynyň gatnaşmaklygynda pars şygryýeti we edebiýaty, şeýle – hem Şahriýary ýatlama çäresi geçirildi.
Bu dabaraly çärä Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahani, Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli, ilçihananyň diplomatlary, Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň Roman-german we gündogar dilleri fakultetiniň dekany Nurmyrat Isaýew, şol ýokary okuw mekdebiniň Gündogar dilleri kafedrasynyň müdiri Sona Annaýewa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ýakyn Gündogar dilleri kafedrasynyň müdiri Bahar Atanyýazowa we halkara gatnaşyklary bölüm müdiri Maral Nurlyýewa, pars dili we edebiýaty hünäriniň mugallymlary we talyplary, Medeniýet merkeziniň mugallymlary we pars dili öwrenijileri gatnaşdylar.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahani pars şygryýeti we edebiýaty güni we beýik eýranly şahyr ussat Seýid Muhammet Huseýin Şahriyary ýatlama güni mynasybetli çärä gatnaşýan hemmelere mübärekläp, pars diliniň ähmiýeti barada gürrüň berdi.
Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçi Nawid Rasuli Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ýolbaşçylaryna bu dabaraly çäräni ýokary derejede geçirmek üçin eden hyzmatdaşlyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Gündogar dilleri kafedrasynyň müdiri Sona Annaýewa Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçä Pars şygryýeti we edebiýaty şeýle – hem Şahriýary ýatlama çäresini gurnandyklary we çagyrandyklary üçin sag bolsun aýdyp, şeýle diýdi: iki halkyň arasyndaky medeni- syýasy, ykdysady, dil we edebi gatnaşyklarynyň ösüşine Türkmenistanyň we Eýranyň geografiki ýerleşişi özüniň oňyn täsirini ýetiripdir. Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet merkezi bilen ýola goýlan medeni gatnaşyklar munuň aýdyň subutnamasy bolup hyzmat edýär.
Annaýewa sözüniň dowamynda soňky ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde pars dili öwredilişi barada hem belläp geçdi: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň pars dili we edebiýaty hünärinde okaýan talyplara dil ugrunda “Häzirki zaman pars dili” dersi bilen bir hatarda “Pars diliniň nazary fonetikasy”, “Ýurt öwreniş”, “Pars diliniň leksikologiýasy”, “Pars diliniň taryhy”, “Pars diliniň stilistikasy”, “Pars dilini okatmagyň nazaryýeti we usulyýeti”, “Terjimäniň nazaryýeti we amalyýeti”, “Pars diliniň nazary grammatikasy” we “Pars edebiýatynyň taryhy” dersleri okadylýar. Mundan başga-da taryh hünärinde okaýan talyplara hem ikinji daşary ýurt dili hökmünde pars dili okadylýar.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ýakyn Gündogar dilleri kafedrasynyň müdiri Bahar Atanyýazowa pars diliniň öwredilişi we türkmen halkynyp milli lideriniň ene baradaky kitabynyň pars diline terjime edilmegi barada belläp geçdi: Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda indi 35 ýyla golaý wagtdan bäri goňşy döwletimiz Eýran Yslam Respublikasynyň döwlet dili diýlip ykrar edilen pars dili hünär dili hökmünde öwrenilýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly eseriniň terjime edilmeginiň ähmiýetli taraplarynyň ýene biri-de, pars dilini hünär dili hökmünde öwrenýän talyplaryň öwrenýän dilini düýpli özleşdirmekleri, terjime işinde endikleriniň we başarnyklarynyň artmagy üçin hem örän peýdalydyr. Bu endikler we başarnyklar bolsa diňe bir pars diliniň gepleşik dilini, onuň grammatikasyny, sözlem gurluşyny öwrenmäge däl, eýsem onuň edebiýatyny, medeniýetini hem düýpli öwrenmäge itergi berýär.
Dabaraly çäräniň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Medeniýet merkeziniň talyplary we pars dili öwrenijileri tarapyndan Şahriýar barada wideoşekil, sahna, goşgy, makala we başgada çeper edebi çykyşlar ýerine ýetirildi. Çykyş edenleriň ählisine ýadygärlik sowgady gowşurulyp, pars dilini üstünlikli tamamlan pars dili öwrenijilere güwanamalar gowşuryldy.