JEMGYÝET

Malaýziýanyň daşary işler ministri bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Malaýziýanyň daşary işler ministri Dato Seri Utama Hajy Mohamad bin Hajy Hasanyň ýolbaşçylygyndaky Malaýziýa wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar birek-birege hormat goýmak we bähbitleri hasaba almak ýörelgelerine esaslanýan uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy we diplomatik ugurda hyzmatdaşlyga, şol sanda halkara guramalaryň, hususan-da BMG, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çägindäki hyzmatdaşlyga garaldy.

Taraplar sebit we halkara gün tertibiniň birnäçe tarapy boýunça pozisiýalaryň meňzeşligini bellediler.

Ministrler söwda we ykdysady gatnaşyklar, ylym, medeniýet we syýahatçylyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Gruziýa türkmen gazyny we nebitini üstaşyr geçirmekde goldaw bermäge taýýar

Hatiko — dünýändäki iň wepaly it

Ata Watan Eserleri