JEMGYÝET

Meşhur multfilmleri tölegsiz tomaşa etmek hyzmaty

«Soýuzmultfilm» studiýasy körpeler üçin birnäçe multfilmleri döredipdi. Olar studiýanyň altyn gaznasynda saklanylýar. «Dur, bakaly», «Oglanjyk we Karlson» ýaly multfilmler hemmeleriň ýadynda bolsa gerek. Indi, döredilenine ençeme wagt bolan bu multfilmleri tomaşaçylar tölegsiz görnüşde tomaşa edip bilerler. «Soýuzmultfilm» studiýasynyň altyn gaznasynda saklanylýan 950-den gowrak multfilmi «Yandex» platformasy tarapyndan tomaşaçylar üçin tölegsiz şekilde mümkinçilik döredilendigi «TASS» habar gullugynyň resmi saýtynda aýdylýar. 1941-2003-nji ýyllaryň dowamynda studiýa tarapyndan 950-den gowrak multfilm döredildi. Habara görä, indi tomaşaçylar «Yandex» platformasynyň «Яндекс.Видео» portalynda multfilmiň adyny ýazmak arkaly onlaýn şekilde mugt tomaşa edip biler. Bu portalda multfilmiň awtorlyk hukugy bilen bir hatarda ähli hukuklary goragly ýagdaýda saklanar.

 

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz  düýn Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny  ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär

Türkmenistanda täze talyp haklary giriziler

Arkadag şäheriniň 2-nji tapgyrynda 4284 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlary gurulýar

Arkadag şäheriniň wekiliýeti Azerbaýjanda geçiriljek Şäherleriň Bütindünýä Forumyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheriniň muzeýinde Milli Liderimiziň manyly ömrüne degişli gymmatlyklary ýerleşdirmek meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri