JEMGYÝET

Ýewropa çempionatynyň birinji tapgyry tamamlandy

Germaniýada geçirilýän futbol boýunça Ýewropa çempionatynda toparçalardaky birinji tapgyr tamamlandy. Nobat toparçalardaky 2-nji tapgyrda. Şol tapgyryň öňüsyrasyna toparçalardaky ýagdaý şeýleräk:

“А” toparça: 1.Germaniýa – 3 utuk, 2.Şweýsariýa – 3, 3.Wengriýa – 0, 4.Şotlandiýa – 0

“В” toparça: 1.Ispaniýa – 3, 2.Italiýa – 3, 3.Albaniýa – 0, 4.Horwatiýa – 0

“С” toparça: 1.Angliýa – 3, 2.Daniýa – 1, 3.Sloweniýa – 1, 4.Serbiýa – 0

“D” toparça: 1.Niderlandlar – 3, 2.Fransiýa – 3, 3.Polşa – 0, 4.Awstriýa – 0

“Е” toparça: 1.Rumyniýa – 3, 2.Slowakiýa – 3, 3.Belgiýa – 0, 4.Ukraina – 0

“F” toparça: 1.Türkiýe – 3, 2.Portugaliýa – 3, 3.Çehiýa – 0, 4.Gruziýa – 0.

Garaşylmadyk netije

Çempionatyň garaşylmadyk netijesi “E” toparçada bolup geçdi. Belgiýanyň we Ukrainanyň ýeňillik bilen ýeňmegine garaşylýardy. Ýöne beýle bolmady. Ukraina Rumyniýadan, Belgiýa bolsa Slowakiýadan ýeňildi. Belgiýadan Romelu Lukakonyň geçiren 2 goly hasaba alynmady.

Ýewronyň rekordlary

Portugaliýanyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo 6 sany Ýewropa çempionatynda oýnan ilkinji futbolçy boldy. Ol mundan ozal, 2004-nji, 2008-nji, 2012-nji, 2016-njy we 2021-nji ýyllardaky Ýewropa çempionatynda oýnapdy.

Şeýle hem 39 ýaşyndaky Ronaldo çempionatyň ýaşy uly futbolçylarynyň hem hatarynda durýar. bu ugrda birinjiligi Portugaliýadan Pepä degişlidir. Ol 41 ýaşyndadygyna garamazdan, bu çempionatda çykyş edýär.

Iň ýaş futbolçy

Ýewropa çempionatynyň iň ýaş futbolçysy Ispaniýanyň düzüminde çykyş edýän Lamin Ýamal boldy. Ol bu çempionatda Horwatiýa bilen geçirilen duşuşykda çykyş edip, şol duşuşyk döwründe 16 ýaş 338 gündi. Mundan ozalky iň ýaş futbolçy Polşadan Kasper Kozlowski bolup, ol 2020-nji ýyldaky Ýewropa çempionatyna gatnaşan döwründe 17 ýaşyndady.

Iň ýaş tälimçis

Çempionatyň iň ýaş tälimçisi Germaniýanyň ýygyndysynyň tälimçisi Ýulian Nagelsmandyr. Ol 36 ýaşynda.

Ýewropa çempionatynyň birinji tapgyrynyň 12 duşuşygynda 34 gol geçirildi. Bu Ýewropa çempionatynyň taryhynda iň ýokary görkezijidir.

Mbappeniň şikesi

Fransiýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Kilian Mbappe Awstriýanyň ýygyndysy bilen geçirilen duşuşykda şikes alyp, burnuny döwdi. Onuň mundan soňraky duşuşyklarda çykyş edip-etmejäkdigi näbelli. 

 

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy