JEMGYÝET

Şu gün Türkmenistan Özbegistan bilen duşuşar

Dünýä çempionaty ― 2026-nyň saýlama böleginiň bäşinji tapgyrynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Özbegistanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Bu duşuşygyň öňüsyrasynda türkmen ýygyndysy türgenleşiklerini goňşy döwletde dowam etdirdi.

Iki döwletiň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň 6-njy iýunda, ýagny şu gün  geçiriler. Duşuşyk sagat 19:30-da başlanar.

Bu duşuşykdan ozal Mergen Orazowyň şägirtleri 26-njy maýdan 4-nji iýuna çenli aralykda Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçipdiler. Bu ýygnanyşygyň çäginde olar 1-nji iýun güni Grenlandiýanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirip, 5:0 hasabynda ýeňiş gazandylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi