JEMGYÝET

2025-nji ýylda Aşgabatda Awstriýa öýi dörediler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Bergeri kabul etdi. Ol beýik türkmen şahyry we akyldary, Gündogaryň nusgawy edebiýatynyň bütin dünýäde ykrar edilen görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni çärelere gatnaşmak, şeýle hem medeniýet ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça birnäçe duşuşyklary geçirmek üçin Aşgabada geldi.

“Siz Türkmenistanyň öňden gelýän hakyky dosty bolup durýarsyňyz. Siz köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyklara işjeň gatnaşýarsyňyz, döwletara gatnaşyklary ösdürmäge öz mynasyp goşandyňyzy goşýarsyňyz” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen-awstriýa jemgyýeti bilen ýakyn hyzmatdaşlykda guralýan medeni çäreleriň möhümdigi aýratyn bellenildi. Şolaryň hatarynda, ilkinji nobatda, 15 ýyl mundan ozal Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen “Galkynyş” türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konsertleri, Wena ballary, beýleki medeni-ynsanperwer çäreler bar.

Neda Bergeriň 2025-nji ýylda Aşgabatda Awstriýa öýüni döretmek baradaky başlangyjy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Awstriýanyň Bitaraplygynyň 70 ýyllygy bilen baglanyşyklydyr. Şeýle hem şu ýylda Türkmenistanda VI Wena balyny geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Myhman pursatdan peýdalanyp, ýubileý ýaş toýuna berlen gymmatly sowgat — Gahryman Arkadagymyzyň giriş sözi bilen başlanýan we dört dilde — türkmen, rus, nemes, iňlis dillerinde çap edilen öz goşgular kitaby üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de hormatly Prezidentimizi, Türkmenistanyň Hökümetini we halkyny beýik türkmen şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralar bilen gutlady. Şahyryň goşgulary adamlary dostluga, parahatçylyga çagyryp, Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasyny düzýän ýörelgeler bilen sazlaşykly utgaşýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy