Mübärek Remezan aýynda Aşgabatda kalligrafiýa sungatynyň, altyn çaýmak ýagny bezeg bermek sungatynyň sergisi açyldy.
Aşgabatda 4-nji aprelde Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet Merkeziniň guramagynda Mübärek Remezan aýynda Eýrandan gelen iki sany hünärmeniň ýagny jenap Hadi Seýedhaniniň kalligrafiýa sungatynyň eserleriniň we hanym Fatemeh Pärästände Hiýalyň altyn çaýmak we bezeg bermek boýunça eserleriniň sergisi Türkmenistanyň suratkeşler birleşmesiniň müdiri we ol birleşmäniň käbir agzalarynyň, Türkmenistanyň çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplarynyň, ilçihananyň işgärlerini we sungaty söýüjileriň gatnaşmagynda öz işine başlady.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli şu ýylky geçirilýän serginiň Eýran Yslam Respublikasyndan gelen hünärmenleriň gatnaşmagy hem-de olaryň ussatlyk sapaklarynyň geçirilmegi bilen tapawutlanandygyny belledi. Şeýle hem iki ýurduň arasynda gatnaşyklar dürli ugurlarda şol san-da, medeniýet ulgamynda hem berkejekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Suratkeşler birleşmesiniň müdiri Çarymyrat Ýazmyradow Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkeziň bu sergä gatnaşmak üçin suratkeşler birleşmesiniň agzalaryna we Türkmenistanyň çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplaryna iberilen çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi, Eýranyň hem-de Türkmenistanyň nakgaşlarynyň bilelikdäki sergisiniň Eýranda geçirilmegini umyt edýärin diýip aýtdy.
Şeýle-de dabaraly çärede Türkmenistanyň suratkeşler birleşmesiniň adyndan Eýrandan gelen hünärmenlere güller gowşuryldy. Soňra Eýrandan gelen hünärmenler öz eserleri barada myhmanlara maglumat berdiler.
Sergi we ussatlyk sapagy 7- nji aprele çenli 4 gün dowam eder.