Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesil baradaky alada hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, beden we ruhy taýdan sagdyn bolmaklary, ata Watana, il-güne wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin möhüm işler durmuşa geçirilýär. Çünki ýurdumyzyň döwlet syýasaty «Döwlet adam üçindir!» diýlen baş ýörelgeden ugur alýar. Jemgyýetiň ösüş derejesi adam hakynda edilýän alada bilen kesgitlenýär.
Ýurdumyzda jemgyýetimiziň ösmegi, adamlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň mundan beýläk hem has gowulanmagy üçin giň mümkinçilikler döredilip, möhüm maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Şu asylly maksatlara eýerilip, geçen gysga taryhy döwrüň içinde ýurdumyzyň çar künjeginde dünýä ülňülerine laýyk gelýän mekdepleriň, çagalar baglarynyň, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, medeni hem-de sport toplumlarynyň ýüzlerçesi guruldy. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen orta we ýokary okuw mekdepler ylmyň iň täze gazananlary bolan multimedia tehnologiýalary bilen yzygider üpjün edilýär.
Innowasion tehnologiýalary ulanmak okatmagyň hiline we mugallymlaryň hünär derejesine täze talaplar bildirýär. Şol talaplaryň biri hem mugallymyň hünärine pedagogik-psihologik taýdan çemeleşmesidir. Eger psihologiýa ynsanyň içki dünýäsi we onuň ösüş kanunlaryny göz önünde tutmagy öwredýän bolsa, pedagogika onuň içki dünýäsine adamkärçilik sypatlarynyň terbiýelenmegine täsir edýän serişdeleri, usullary salgy berýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim edaralarynda okatmagyň hem-de pedagogikanyň innowasion ulgamlary giöden ornaaşdyrmak bilen psihologiýa dersine hem aýratyn ähmiýer berilýär.
Mährijemal Çaryýewa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.