JEMGYÝET

Türkmen ilçisi Kataryň ministri bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 30-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Bilim, terbiýe we ýokary bilim  ministri hanym  Buthaina bint Ali Al Jabr Al Nuaimi bilen duşuşygy boldy.

Bu barada Türkmen Ilçihanasy habar berýär. Duşuşykda özara gyzyklanma bildirilýän iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Hususan-da, ylym, bilim pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boyunça hökümetara ähitnamanyň çarçywasynda iş alyp barmaklygyň ýollary we aragatnaşyk guramagyň mümkinçiliklerine garadylar.

Related posts

Gadymy Rim syrlaryny açýar

vepa

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Wengriýa iş sapary başlandy

Türkmen gazy Azerbaýjan we Gruziýa arkaly Türkiýä barar