MEDENIÝET

Aşgabatda Täze ýyl baýramçylygynyň konserti

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň Täze ýyl baýramy mynasybetli taýýarlan baýramçylyk konserti geçiriler. Bu barada Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

17-nji dekabrda geçiriljek baýramçylyk konsertinde Türkmenistanyň at gazanan artisti Rahman Hudaýberdiýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri Mähri Pirgulyýewa, Söhbet Kasymow, Bahar Annaýewa, Durdy Durdyýew, Leýli Mämmedowa, dagy çykyş ederler.

Konsertler 14:00-da, 17:00-da geçiriler.

Habarlaşmak üçin 48-96-83, 60-15-67 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.

Related posts

Milli habar beriş serişdelerinden düzülen metbugat topary dörediler

Nyşanly eşikler satuwa çykarylýar

“Oskar” baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi