Şu gün hem Ýewropanyň we Aziýanyň çäginde Çempionlar ligasynyň duşuşyklary geçiriler. Mälim bolşy ýaly, düýn AFK-nyň Çempionlar ligasynyň çäklerinde Türkmenistana wekilçilik edýän “Ahal” topary bilen Özbegistanyň “Pahtakor” toparlary duşuşyp, duşuşyk 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlandy.
Düýn UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çäklerinde 4-nji tapgyryň duşuşyklar geçirildi. Şonuň netijesinde “G” toparçada çykyş edýän Angliýanyň “Mançester Siti” topary bilen Germaniýanyň “Leýpsig” topary indiki tapgyra çykmaga mümkinçilik aldy.
4-nji tapgyryň çäginde “Mançester Siti” topary Şweýsariýanyň “Ýang Boýz” toparyny 3:0 hasabynda, “Leýpsig” bolsa, “Srwena Zwezda” toparyny 2:1 hasabynda utdy.
Şeýlelikde, “Mançester Siti” topary 4 duşuşykda 12 utuk, “Leýpsig” bolsa 9 utuk toplady we toparlar indiki tapgyra çykdy.
