Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty 1574 megawata deň bolan, utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň düýbi tutuldy. Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisi, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany gaz turbina desgasy dabaraly açylyp ulanmaga berildi.
Şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň bu sebitde ýerleşýän kärhanalarynda işleýän hünärmenleriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly binalar toplumynyň hem düýbi tutulýar. Ýakyn wagtda bu ýerde 472 hojalyga niýetlenen, ähli amatlyklary bolan 4 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlary gurlar. Şeýle hem 320 orunlyk orta mekdep, 120 orunlyk çagalar bagy, söwda-dynç alyş merkezi bina ediler.
Bu dabaralarda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowa söz berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa şu günki dabaralara gatnaşýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, wise-premýer her ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek baradaky haýyş bilen döwlet Baştutanymyza ýüzlendi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu teklibi goldap, gurluşyk-senagat toplumynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady.
