DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Baş konsuly Türkiýe Respublikasynyň DIM-niň Konsullyk işleri boýunça baş müdirliginiň direktoryna Konsullyk patentini gowşurdy

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Stambul şäheri) Baş konsuly Muhammetnur Öwezow Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk işleri boýunça baş müdirliginiň direktory Nurdan Erpulat Altyntaşa Konsullyk patentini gowşurdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özarabähbitli gatnaşyklarynyň ösüşini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Diplomatlar şeýle-de geljekde hem iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryny aýratyn nygtadylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty ýazýar.

Related posts

Türkiýäniň Prezidenti Özbegistanda saparda bolar

Ata Watan Eserleri

Bilermenler: her bäşinji syýahatçy bu ýerde bolup görmek isleýär

vepa

Baş Assambleýanyň 77-nji mejlisiniň başlygy saýlandy

Ata Watan Eserleri