JEMGYÝET

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda wise-premýerleriň şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlary diňlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipelerine garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdiler.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli beýleki meselelere hem garaldy, dürli pudaklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz degişli resminama gol çekip we hasabatlary diňlap, mejlise gatnaşylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Related posts

WADA’dan Türkmenistan’a destek

vepa

Türkmenistan Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama tapgyrynda “D” toparçada çykyş eder

Mary welaýaty: 7 ýylda 25 bina gurlar