SPORT

Türkmenistan Bütindünýä tomusky uniwersiadada ilkinji medalyny gazandy

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň türgenleri Hytaýyň Çendu şäherinde geçirilýän XXXI Bütindünýä tomusky uniwersiada oýunlaryna gatnaşýar. Bu halkara ýaryşa gatnaşýan türkmen türgenleri ilkinji medalyny gazandy.

Türkmenistanyň türgenler toparyndan ilkinji medaly uşu sportundan Aýgözel Gurbangeldiwa eýelemegi başardy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-njy synp talyby 52 kilogram agramda çykyş edip, bürünç medalyň eýesi boldy.

Türkmenistan Bütindünýä talyp oýunlaryna 2013-nji ýyldan bäri dördünji gezek wekillerini iberýär. Onuň düzümine 24 adam – 3 resmi wekil, 5 tälimçi we 16 türgen girdi. Olar sportuň dört görnüşi – dzýudo (6 türgen), ýeňil atletika (3), ýüzüş (3) we uşu (4) boýunça çykyş ederler. Wekiliýetleriň dabaraly ýörişinde Türkmenistanyň baýdagyny Gurban Hommadow we söweş uşuçysy Aýgözel Gurbangeldiýewa göterdi.

28-nji iýul-8-nji awgust aralygynda geçirilýän uniwersiada oýunlarynda dünýäniň dürli döwletlerinden gelen talyp türgenler sportuň 18 görnüşi boýunça 269 medal toplumy boýunça bäsleşýärler.

Ýene-de okaň

Germaniýa 12 ýyldan soňra pleý-off tapgyryna çykdy

Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky 1000-nji duşuşyk geçirildi

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Türkiýäniň milli ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy

Meksikadan soňra ABŞ hem 1/16 tapgyra çykdy

Dünýä çempionatynyň il çalt goly geçirildi

Ata Watan Eserleri